Soňky habarlar

Arhiw

Katar — 2022: duşuşyklar noýabr — dekabr aýlarynda geçiriler

11:3318.07.2018
0
1310

Dünýäniň futbol boýunça 22-nji çempionatynyň 2022-nji ýylda Katarda geçiriljekdiginden okyjylarymyzyň habary bardyr. Katara bu çempionaty geçirmek hukugy FIFA-nyň 2010-njy ýylyň 2-nji dekabrynda Şweýsariýanyň paýtagty Sýurihde geçirilen maslahatynda berlipdi.
Taryhynda ilkinji gezek Futbol boýunça dünýä çempionatyny geçirip görýän Katar bu halkara ýaryşy Günbatar Aziýada kabul edýän ilkinji döwletdir. Şeýle hem, 2022-nji ýylda taryhda ilkinji gezek gyşda dünýä çempionaty geçiriler.
FIFA-nyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, çempionat 2022-nji ýylyň 21-nji noýabrynda başlanyp, 18-nji dekabrda tamamlanar. Duşuşyklar ýurtdaky 8 sationda geçiriler.
Häzirki wagtda dünýä çempionatyna 32 ýygyndy gatnaşyp bilýär. Ýöne FIFA bu sany geljekde 48-e çykarmak üçin hem aýgytly ädimleri ädýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň