Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Futbol kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň bije çekilşigi bolar

17:3205.07.2018
0
1607

Futbol boýunça Türkmenistanyň kubogy ugrundaky ýaryşyň nobatdakysyna badalga berler. Bu gezekki bäsleşige Ýokary liganyň 8 topary (“Altyn Asyr”, “Ahal”, “Aşgabat”, “Şagadam”, “Balkan”, “Merw”, “Energetik”, “Köpetdag”) bilen birlikde birinji liganyň wekili Tejen şäheriniň “Tejen” topary gatnaşar.

Kubok bäsleşiginde ilki “Tejen” bilen “Balkan” toparlary duşuşarlar. Olaryň arasyndaky birinji duşuşyk 27-nji iýulda Balkanabatda, jogap oýny bolsa 30-njy iýulda Tejen şäherinde geçiriler. Bu toparlaryň arasyndaky ýeňiji kubok bäsleşiginiň çärýekfinalynda çykyş etmäge hukuk gazanar.

Ýurdumyzyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň çärýekfinalynyň bije çekişligi 11-nji iýulda geçiriler. Şol gün Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň ýerine ýetiriji komitetiniň ýygnagy hem geçiriler.

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Kubok ugrundaky bäsleşiginiň geçen ýylkysynda “Ahal” topary ýeňiş gazanypdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň