Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndysy Daşkentde geçiriljek Agyr atiketika boýunça dünýä çempionatyna gatnaşar

11:4205.07.2018
0
1669

7-nji — 14-nji iýul aralygynda Özbegistanyň paýtagty daşkent şäherinde ýetginjekleriň arasynda Agyr atletika boýunça dünýä çempionaty geçiriler. Oňa Türkmenistandan Bunýat Raşidow (69 kilogramda), Rüstem Annaberdiýew (77 kilogramda), Hurmat Alimbaýew (85 kilogramda) we IV Yslam raýdaşlygy oýunlarynyň ýeňijisi Polina Gurýewa (63 kilogramda) dagylar gatnaşar. Türgenlerimize tälimçiler Ahmet Saryýew bilen Gurbandurdy Amanow ýolbaşçylyk eder.
Dünýä çempionatyna Ýer ýüzüniň 50-den gowrak döwletinden iň güýçli ýetginjek agyr atletikaçylaryň gatnaşmagyna garaşylýar. Daşkentde geçiriljek çempionat biziň toparymyz üçin nobatdaky tejribe mekdebine öwrüler.
Mälim bolşy ýaly, ulularyň arasyndaky dünýä çempionaty şu ýylyň okt-abr — noýabr aýlarynyň sepgidinde Aşgabatda geçiriler. Daşkende boljak çäreleriň dowamynda Türkmenistanyň Agyr atletika federasiýasynyň hünärmenleriň Aşgabatdaky çempionat dogrusynda tanyşdyryş çykyşynyň hem bolmagyna garaşylýar. Bu çykyş dünýä döwletlerinden geljek wekilleriň agyr atletika sportunyň iň iri birinjiligi hakynda giňişleýin maglumat almaga weTürkmenistanyň çempionata görýän ýokary derejedäki taýýarlygy bilen tanyşmaga mümkinçilik berer.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň