Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen sirkiniň Sankt-Peterburgdaky uly üstünligi

23:5428.05.2018
0
13375

Türkmenistanyň «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary Sankt-Peterburg şäherinde (Russiýa Federasiýasy) geçirilen «Fontankadaky» atly I halkara sirk festiwalynda «Gaetano» altyn nyşanyna mynasyp boldy.

At üstündäki täsin çykyşlar, ahalteke bedewleriniň haýran galdyryjy gözelligi, artistleriň ussatlygy bu ýere ýygnanan märekä ýatdan çykmajak sirk şüweleňini bagyşlady diýip, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýazýarlar.

Türkmen atly jigitleri Sankt-Ptereburgyň 315 ýyllygy mynasybetli baýramçylyk ýörişine hem gatnaşdylar. «Gaetano» nyşany meşhur italýan atşynasy we syýahatçysy Gaetano Çinizelliniň hormatyna döredilendir. Ol 140 ýyl mundane ozal Fontankada sirk merkezini esaslandyrýar.

Halkara festiwalda Russiýanyň, Hytaýyň, Koreýa Halk Demokratik Respublikasynyň, Ukrainanyň, Germaniýanyň, Portugaliýanyň, Belgiýanyň we başga-da birnäçe döwletiň sirk toparlary gatnaşdylar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň