Top.Mail.Ru

Arhiw

Türkmenistandaky sekiz taryhy ýadygärlikde uly arheologik işler geçirildi

22:0917.11.2024
0
16371

Wise-premýer M.Mämmedowa 15-nji noýabrda geçirilen Hökümet mejlisinde şu ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde Türkmenistanyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde alnyp barlan arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işleriniň netijeleri barada hasabat berdi.

Hasabatda bellenilişi ýaly, Prezident Serdar Berdimuhamedowyň «Änew — müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly ajaýyp eserinden ruhlanyp, Türkmenistanyň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň, Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň alymlarydyr hünärmenleri «Milli taryhy-medeni mirasyň obýektlerini aýap saklamagyň, goramagyň, öwrenmegiň hem-de olara syýahatçylary çekmegiň 2022 — 2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna» laýyklykda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini üstünlikli dowam etdirdiler. Hususan-da, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň çäginde ýerleşýän Paryzdepe ýadygärliginde, Gökdepe galasynda, Kaka etrabynyň çäginde ýerleşýän Abu Seýit kümmetinde, Abiwerd galasynyň orta asyr Juma metjidinde, Balkan welaýatyndaky orta asyr Dehistan şäheriniň gündogar kerwensaraýynda, «Köneürgenç» döwlet taryhy-medeni goraghanasynyň çägindäki «Kerwensaraý» ady bilen tanalýan XIV asyra degişli binagärlik ýadygärliginde, Lebap welaýatynyň çägindäki orta asyr Daýahatyn kerwensaraýynda, Mary welaýatynyň çägindäki orta asyr Daňdanakan galasynda geçirilen işler barada aýdyldy.

Şeýle-de Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi bilen daşary ýurtlaryň meşhur ylmy merkezleriniň arasynda baglaşylan Ylalaşyklara laýyklykda, birnäçe halkara ekspedisiýalar tarapyndan 2024-nji ýylyň ýaz we güýz möwsümlerinde taryhy-medeni ýadygärliklerde arheologik gazuw-barlag işleri dowam etdirildi. Döwlet Baştutanynyň taýsyz tagallalary netijesinde geçirilýän ylmy gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary öz wagtynda çap etmek hem-de olar bilen halkara ylmy jemgyýetçiligi tanyşdyrmak maksady bilen, ýurtda “Asyrlaryň yzlary” atly ýöriteleşdirilen halkara ylmy ýygyndynyň neşir edilmegi ýola goýuldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, türkmen halkynyň baý medeni mirasyny giňden öwrenmegiň, gorap saklamagyň, dikeltmegiň we wagyz etmegiň möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi.

Döwlet Baştutany ýurduň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologik gazuw-agtaryş we rejeleýiş işlerini dowam etdirmegiň, gözlegleriň dowamynda toplanan maglumatlary ylmy taýdan seljermegiň möhümdigini nygtap, wise-premýere birnäçe anyk tabşyryklary berdi. Bu barada TDH ýazýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň