«Aşgabat» myhmanhanasynda 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi mynasybetli düzme ýazmak ussatlygy boýunça hem-de türki dünýäniň ýaş suratkeşleriniň arasyndaky halkara bäsleşikleriň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Ýeňijilere baýraklaryň gowşurylyşy şatlykly pursatlara beslendi. Türki medeniýetiň halkara guramasynyň yglan eden bäsleşikleriniň ýeňijileri halkara eminler topary tarapyndan saýlanyp seçildi we türki döwletleriň her biri boýunça aýratynlykda kesgitlenildi.
Dabarada ilki «Magtymguly Pyragy akyldar we şahyr» diýen mowzukda düzme ýazmak ussatlygyny görkezip, bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlara baýraklar gowşuryldy.
Soňra «Türki halklaryň medeni mirasy we Änew medeniýeti» atly mowzukda türki döwletleriň ýaş suratkeşleriniň arasynda yglan edilen halkara bäsleşikde ýeňiji bolan ýaşlaryň atlary yglan edildi.
Bu bäsleşikleriň geçirilmegi türki dünýäniň ýaş nesilleriniň arasynda medeni dialogyň üstünlikli ösdürilýändiginiň nobatdaky beýanyna öwrüldi.