"Balkan" Türkmenistanyň futbol çempionatynda "Merwi" ýene-de ýeňmegiň bosagasyndan gaýtdy

23:5712.05.2018
0
5090

Çempionatdaky bäsdeşligiň güýçlenmegi we düzümdäki futbolçy çalşyklarynyň netijesinde "Balkan" futbol topary ýaryşa şowsuz başlady. Amanmyrat Meredowyň şägirtleri "Merw" bilen myhmançylykda geçirilen duşuşykda ýeňşi soňky minutlarda elden gidirdiler. 10-njy tapgyryň iň köp tomaşaçyly duşuşygynda hasap 1:1 boldy.

"Nebitçileriň" ýaryşyň öňdebaryjy toparlarynyň biri bilen geçirilen duşuşyga üstünlikli başlandygyny nygtamak gerek. 41-nji minutda myhmanlar Ýewgeniý Tkaçenkonyň geçiren pökgüsi bilen hasapda öňe saýlandylar. Ýöne hasapdaky bu artykmaçlyk duşuşygyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 5 minut galanda elden gidirildi. "Merw" Söhbet Allanurowyň geçiren pökgüsi bilen hasaby deňledi.

Bu iki toparyň arasynda birinji aýlawda geçirilen duşuşygyň "Balkanyň" peýdasyna 2:0 hasabynda tamamlanandygyny ýatladýarys.

10-njy tapgyrdaky "Altyn asyr" — "Şagadam" duşuşygy 6-njy iýuna geçirildi.

Напомним, в поединке первого круга в Балканабате "Балкан" взял верх над "Мервом" – 2:0.

Maglumatlary ýygnamagy gowy görýän okyjylarymyz üçin duşuşygyň protokol maglumatlaryny ýerleşdirýäris.

(Ýaryş tertibi şu habaryň rus dilindäki bölüminde ýerleşdirilen)

Iň köp pökgi geçiren futbolçylar:

Altymyrat Annadurdyýew ("Altyn asyr"), Süleýman Muhadow ("Ahal"), Rahmet Şermetow ("Energetik"), Begenç Annagurbanow ("Şagadam") — 4 pökgi.

Guwanç Abylow ("Ahal"), Azat Garajaýew ("Balkan"), Ilýas Minhairow ("Aşgabat"), Myrat Ýagşyýew ("Altyn asyr") — 3 pökgi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň