Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen woleýbolçylary Aziýa çempionatynyä Merkezi böleginiň çempiony

23:2427.04.2018
0
9349

Şu gün Aziýanyň woleýolbol çempionatynyň Merkezi böleginde üçünji orun ugrundaky we final duşuşyklary geçirildi. Üçünji orun ugrunda Gyrgyzystanyň hem-de Nepalyň woleýbolçylary göreşen bolsa, çempionlyk ugrundaky göreş biziň ildeşlerimiz bilen ýer eýeleriniň — Bangladeşiň ýygyndysynyň arasynda boldy.

Üçünji orun ugrundaky duşuşykda gyrgyz woleýbolçylary nepally garşydaşlaryny 3:0 hasabynda ýeňip, ýaryşy bürünç medal bilen tamamladylar. Final duşuşygynda bolsa Türkmenistanyň woleýbol ýygyndysy Banglaşeiň toparyndan 3:1 hasabynda rüstem geldi. Şeýlelikde, türkmen woleýbolçylary taryhda ikinji gezek bu ýaryşyň çempiony boldular.

Ýaryşda bäşinji orny Özbegistanyň, iň soňky orny bolsa Maldiw adalarynyň topary eýeledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň