Gazuw-agtaryş işlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandaky yzlary düýpli öwrenilýär

04:1607.04.2018
0
4439
Gazuw-agtaryş işlerinde Beýik Ýüpek ýolunyň Türkmenistandaky yzlary düýpli öwrenilýär

Ministrler Kabinetiniň 6-njy aprelde geçirilen mejlisinde türkmen döwletiniň Baştutanyna 2018 — 2021-nji ýyllarda gazuw-agtaryş işlerini geçirmegiň we medeni mirasy ylmy esasda öwrenmegiň hem-de wagyz etmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda Türkmenistanyň çäginde ýerleşen taryhy-medeni ýadygärliklerde gazuw-agtaryş we rejeleýiş işleriniň geçirilmegi bilen bagly alnyp barylýan işler barada hasabat berildi.

Medeniýet ministrliginiň Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky milli müdirliginiň we Ylymlar akademiýasynyň hünärmenleri ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde arheologiýa gazuw-barlag we rejeleýiş işlerini geçirmegiň täze möwsümine başladylar.

Milletiň Lideri hasabaty diňläp hem-de taryh ylmynyň ösdürilmeginde we halkymyzyň ençeme müňýyllyklara uzap gidýän şöhratly senenamasynyň täze sahypasyny açmakda arheologik gazuw-barlaglaryň ähmiýetini nygtap, ýurdumyzyň alymlarynyň we hünärmenleriniň güýçleri bilen bu barlaglary mundan beýläk-de dowam etmegiň, şeýle hem degişli maglumatlaryň esasynda milli mirasy öwrenmek boýunça bitewi innowasion ulgamy döretmegiň ähmiýetini nygtady.

Döwlet Baştutany adamzadyň medeni gymmatlygynyň aýrylmaz bölegi, gymmatly bilimleriň ajaýyp çeşmesi hökmünde ýadygärlikleri goramaga ulgamlaýyn çemeleşmegiň, meýdan barlaglarynyň netijelerini ylmy dolanyşyga girizmegiň wajypdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, milletiň Lideri işgärleriň hünär taýýarlygyny, muzeý we wagyz ediş işlerini kämilleşdirmegiň, halkara ylmy gatnaşyklary ýola goýmagyň hem-de daşary ýurtlaryň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, türkmen halkynyň maddy we maddy däl gymmatlyklaryny ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizmek boýunça işleri işjeňleşdirmegiň ähmiýetini nygtap, şu babatda wise-premýere degişli görkezmeleri berdi.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň