Soňky habarlar

Arhiw

Bahreýniň ýygyndysy türkmen futbolçylary bilen geçiriljek duşuşykdan öň Palestina bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer

16:5521.03.2018
0
1024

Bahreýniň milli ýygyndysy palestinaly garşydaşlary bilen ýoldaşlyk duşuşygyny geçirer.

22-nji martda geçiriljek ýoldaşlyk duşuşygy milli ýygyndylaryň ikisi üçin hem Aziýa Kubogy-2019-yň saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryna taýýarlyk bolar.

Ýeri gelende aýtsak, Bahreýniň milli ýygyndysy Türkmenistanyň ýygyndysyny kabul etse, onda Palestinanyň milli ýygyndysy Omanyň garşysyna duşuşyk geçirmek üçin Maskat şäherine gider. Saýlama tapgyryndaky duşuşyklaryň ikisi-de 27-nji martda geçiriler.

“E” toparçada çykyş edýän Türkmenistanyň hem-de Bahreýniň milli ýygyndylaryň ikisi-de wagtyndan öň toparçadan çykmak meselelerini çözmegi başardylar. Ýygyndylaryň ikisi hem geçiren duşuşyklarynda 10 utukdan topladylar. Ýöne top sanynyň köplügi sebäpli Bahreýniň milli ýygyndysy birinji orny eýeleýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň