Soňky habarlar

Arhiw

"Altyn asyr" täze möwsümdäki ilkinji resmi duşuşygynda Gyrgyzystanyň "Alaýyny" uly hasap bilen utdy

16:0807.03.2018
0
7068

Şu gün Gyrgyzystanyň Oş şäherindäki A.Suýumbaýewiň adyny göterýän stadionda Türkmenistanyň Aragatnaşyk ministrliginiň "Altyn asyr" topary şäheriň "Alaý" topary bilen duşuşdy. Duşuşyk türkmen futbolçylarynyň uly hasapdaky ýeňşi bilen tamamlandy.
Duşuşygyň eýýäm 11-nji minudynda geçen möwsümiň iň gowy futbolçysy Myrat Ýagşyýewiň geçiren goly bilen "aragatnaşykçylar" hasaby açdylar. 19-njy minutda Altymyrat Annadurdyýew hasaby 2:0-a çykardy. Birinji ýarymyň esasy wagtynyň tamamlanmagyna 6 minut galanda ýer eýeleri "Altyn asyryň" derwezesinden bir jogap pökgüsini geçirdiler. Ýöne Ilýaz Alimowyň geçiren bu goluna "Altyn asyryň" jogaby gijikmedi. 40-njy minutda türkmen futbolynyň şu ýaryşda - AFK-nyň kubogynda iň kän tapawutlanan wekili Altymyrat Annadurdyýew duşuşykdaky özüniň ikinji, toparynyň üçünji goluny geçirdi. Şeýlelikde, ildeşlerimiz 3:1 hasabyndaky üstünlik bilen arakesmä çykdylar.
Ikinji ýarymyň başynda, duşuşygyň bolsa umumylykda 46-njy minudynda "Alaý" Joel Kohonyň goly bilen aralygy ýene ýygyrdy. Olaryň hasaby deňlemek baradaky arzuwy bolsa başa barmady. 51-nji minutda Myrat Ýagşyýew toparynyň dördünji goluny hem derwezeden geçirdi. 57-nji minutda hasap 3:4-e geldi. Ýöne Maksadbek Alimowyň geçiren bu pökgüsi ýer eýeleriniň şu duşuşykdaky iň soňky goly boldy. Oňa derek, "aragatnaşykçylar" Oş şäheriniň derwezesine ýene iki pökgini "ýadygärlik" goýup gaýtdylar. 84-nji minutda Altymyrat Annadurdyýew het-trigini amala aşyrdy. Esasy wagtyň tamamlanmagyna 2 minut galanda bolsa "Altyn asyryň" täze transferi Begmyrat Baýow hasaby biziň futbolçylarymyzyň peýdasyna 6:3-e çykardy. Duşuşyk şu hasap bilen hem tamamlandy. 


AFK-nyň kubogy, "D" toparça
Birinji tapgyr
"Alaý" - "Altyn asyr" - 3:6.
Gollar:
Ilýaz Alimow 39, Joel Koho 46, Maksadbek Alimow 57 - Myrat Ýagşyýew 11, 51, Altymyrat Annadurdyýew 19, 40, 84, Begmyrat Baýow 88.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň