Soňky habarlar

Arhiw

Berlinde saglygy goraýyş ulgamynda türkmen-german hyzmatdaşlygynyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy

23:5806.03.2018
0
4602

5 - 6-njy martda Berlinde (GFR) saglygy goraýyş boýunça nobatdaky, VII türkmen-german forumy geçirildi. Onda lukmançylyk ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeleri ara alnyp maslahatlaşyldy we geljek üçin täze ugurlara garaldy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan gatnaşyklaryň şu görnüşi türkmen we nemes kärdeşleriniň arasynda üstünlikli ösdürilýän hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamyny döwrebaplaşdyrmak, täze öňdebaryjy tehnologiýalary hem-de enjamlary ornaşdyrmak, ylmy işgärleri hem-de ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamak boýunça bilelikdäki taslamalary işläp taýýarlamaga mümkinçilik berýär.

Bu gezek ortopediýa, şol sanda çagalar ortopediýasy hem-de fizioterapiýa meselelerine üns berildi. Türkmenistanda we Germaniýada lukmançylygyň bu ugurlarynyň ýagdaýy boýunça çykyşlar guraldy, keselleriň öňüni alyş işi şöhlelendirildi, ortopediýa tehnikasynda häzirki zaman çözgütleri, işgärleri okatmagyň aýratynlyklary we beýleki meseleler beýan edildi.

Düzüminde döwlet edaralarynyň we ylmy-kliniki merkezleriň, şypahana-bejeriş edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, mugallymlar bolan türkmen wekiliýetiniň iş saparynyň maksatnamasyna maglumatlary alyşmakdan, söhbetdeşliklerden başga-da, Berlindäki Marsan trawmatologiýa klinikasyna hem-de Otto Bokk lukmançylyk tehnologiýalarynyň ylmy merkezine baryp görmek çäreleri girizildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň