Soňky habarlar

Arhiw

Saýara Awezmetowa – jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça ýetginjekleriň arasynda dünýäniň çempiony

23:5603.03.2018
0
7954

Türkmen türgenleri jiu-jitsunyň ne-waza görnüşi boýunça Abu-Dabide (BAE) geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda dört medala eýe boldular.

Ne-waza görnüşi boýunça 21 ýaşa çenli ýetginjekleriň hem-de gyzlaryň arasynda 49 kilogram agram derejesinde Saýara Awezmetowa we Gülbahar Madreýimowa iki medala mynasyp boldular. Ýaryşyň deslapky tapgyrlaryndan soňra ýarym finalda olar özara duşuşdylar, şunda Saýara üstün çykdy. Ol finalda wýetnamly bäsdeşini ynamly ýeňip, öz agram derejesinde dünýäniň çempiony boldy. Gülbahar bolsa Awstriýadan gelen türgenden üstün çykyp, bürünç medala eýe boldy.

Biziň ýetginjeklerimiz hem iki bürünç medaly gazandylar. Isa Kasymow ne-waza görnüşinde 18 ýaşa çenli toparlaýyn tapgyrda 46 kilogram agram derejesinde ikinji orny eýeledi. Bu bolsa oňa ýarym finala çykmaga mümkinçilik berdi, şonda ol bäsdeşinden asgyn gelip, bürünç medal bilen oňmaly boldy.

Şu ýaş toparynda ýetginjekleriň arasynda 55 kilogram agram derejesinde aşgabatly türgen Maksat Rejepow hem üçünji orny eýeledi. Medala barýan ýol onuň üçin çylşyrymly boldy. Çärýek finalda biziň türgenimiz dünýä çempionatynyň geljekki finalçysyndan asgyn geldi, emma ol bürünç medal ugrunda çykyş etmäge hukuk gazandy we toparymyzyň hasabyna dünýä çempionatynyň dördünji medalyny goşmagy başardy.

Abu-Dabide ýaryşlar dowam edýär. Bu bäsleşiklere türkmen türgenleriniň dokuzysy gatnaşýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň