Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanly bilýardçy Moskwada geçirilen ýaryşda bürünç medal gazandy

02:0503.03.2018
0
7844

Dünýä Kubogy ugrundaky Moskwada geçirilen ýaryşyň birinji tapgyrynda “Erkin piramida” görnüşi boýunça ildeşimiz Annamämmet Annamämmedowüçünji orny eýeledi.

Dowamly köp aýlawly ýaryşlaryň barşynda türkmen türgeni bäsdeşlerinden yzygiderli üstün çykmagy başardy. 1/16 finalda onuň bäsdeşi hökmünde ukrain bilýardçysy çykyş etdi, şunda A. Annamämmedow 6:4 hasabynda ýeňiş gazandy. Sekizden bir finalda ol şeýle hasap bilen russiýaly bäsdeşinden üstün çykdy.

Belarus türgeni D.Kolosow bilen geçirilen çärýek final duşuşygy çekeleşikli boldy. Şunda hem türkmen bilýardçysy 6:5 hasabynda ýeňdi.

Ýarym final duşuşykda türkmenistanly türgen russiýaly M.Koçkinden finala çykmaga bir ädim galanda asgyn geldi, emma, şeýle abraýly ýaryşda üçünji orny eýelemegi başardy.

Annamämmet Annamämmedowyň tejribeli bilýardçydygyny bellemek gerek, ol Aşgabatda geçirilen “Aşgabat 2017” oýunlarynda tapawutlanyp, altyn we bürünç medallara mynasyp bolupdy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň