Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenabat şäherinde sport ýaryşlaryna ak pata berdi

14:2726.02.2018
0
13312

26-njy fewralda ir bilen Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw ýaryşyna, welosipedli ýörişe we "Amul — Hazar 2018" halkara awtorallisiniň taýýarlyk işlerine badalga berdi. Ylgaw ýaryşy Türkmenabat şäheriniň baş köçesi Bitarap Türkmenistan şaýolundan ýeňil atletika ylgaw ýaryşy badalga alýar.

Ýaryşyň başlanmagyna hemme zat taýýar edildi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ylgaw ýaryşyna badalga berdi. Soňra ýaryşy Türkmenistanyň Mejlisiniň Kada-kanunçylyk baradaky komitetiniň hem-de Türkmenistanyň Söweş sungatlary boýunça milli federasiýasyn ýolbaşçysy, Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Serdar Berdimuhamedow hem-de welaýatlaryň, Aşgabat şäheriniň wekilleri dowam etdirdi.

Dabaralaryň taryhy Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda iri merkez bolan Amulyň mirasdüşeri – Türkmenabatda geçirilýändigi sebäpli ylgaw ýaryşyny ilki bilen Lebap kabul edýär. Soňra yzygiderlilikde Mary, Ahal, Daşoguz welaýatlary, Aşgabat şäheri we Balkan welaýaty kabul ederler.

...Ylgaw ýaryşynyň yzysüre welosipedli ýaryş başlandy, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welosipedli ýaryşyň hem öňüni çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow awtoulagda şu ýylyň sentýabrynda halkara awtorallisiniň badalga beriljek ýerine barýar.

2018-nji ýylyň 9-14-nji sentýabr aralygynda geçiriljek “Amul-Hazar 2018” awtorallisine taýýarlyk görmegiň çäklerinde häzirki wgtda iri möçberli awtoralli ýaryşlaryny geçirmekde baý tejribeleri bolan “Amaury Sport Organisation” we “Eсo Raсe” fransuz kompaniýalary bilen deslapky gepleşikler geçirilýär. Konsalting, utgaşdyrmak, daşary ýurtlardan dürli sport toparlaryny çagyrmak boýunça hyzmatlaryň edilmegine, şeýle hem dünýä belli teleýaýlymlarynda we beýleki habar beriş serişdelerinde çäreleri beýan etmek we mahabat etmek işlerine üns berilýär.

Ýaryşyň geçiriljek ugrunyň deslapky çyzgysy taýýarlanyp, ol bäş tapgyra bölündi. Olar Amul-Mary, Mary-Derweze, Derweze-Türkmen köli, Türkmen köli-Ýaňgala, Ýaňgala-Awaza ugurlarydyr.

Mundan başga-da, ýaryşlaryň tehnologik üpjünçiligi, şol sanda GSP –utgaşdyrma, hemra aragatnaşygy, uçarlaryň ugratmagy, biwuaklary we iýmiti guramak, awtoulaglara ýangyç guýmak üçin daşary ýurtly hünärmenleri çekmek ýaly meseleleri işlemek wezipeleri durýar.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisine şu günki şanly waka – iri sport çäresine – Beýik Ýüpek ýolunyň ugry boýunça ylgaw we welosiped ýaryşlaryna, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisine badalga berilmegi mynasybetli gutlag sözleri bilen ýüzlendi.

Soňra dabaranyň myhmany Žan-Lui Şlessere söz sözledi. Ol sözüniň ahyrynda türkmen döwletiniň Baştutanyna ýaryş ulagyny sowgat berdi we ýaryşyň taýýarlyk tapgyryna ak pata bermegini haýyş etdi.

Döwlet Baştutanymyz sport lybasyny geýip, özi üçin niýetlenen awtoulaga münýär we sürüjiniň ornunda oturýar, milli Liderimiziň ogly Serdar bolsa şturmanyň ornunda ýerleşýär.

Hormatly Prezidentimiz ýaryş awtoulagynda “Badalga” arkasyndan geçip, “Amul-Hazar 2018” halkara awtorallisiniň ugry boýunça synag aýlawyny geçirýär.

Ýaryş ýoly çölüň içinden geçýär, bu ýerler fewralyň soňky günlerinde baharyň begresine beslenip başlady. Çölde eýýäm gök ot görnüp, howada we ýerde çyg äşgär duýulýar. Ýakyn wagtda bu ýerlerde çigildem gülleri, soňra gül-gülälekler dumly-duşy bezär. Çöllük ýerler baharyň gelmegi bilen hakyky jennet mekanyna öwrülýär, hoşboý ysly gülleriň we beýleki ösümlikleriň müňlerçesi bu künjegi bezär.

Milli Liderimiziň dolandyrýan ýokary geçijilik kuwwaty bolan awtoulagy uly tizlikde çöllük ýerleriniň tebigy päsgelçiliklerini – depejikleri, çukurlary aňsatlyk bilen geçýär.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň