Soňky habarlar

Archive news

“Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasy türkmen bazarynda orun tutmaga isleg bildirýär

22:5815.02.2018
0
3990
“Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasy türkmen bazarynda orun tutmaga isleg bildirýär

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow belli “Rohde & Schwarz” nemes kompaniýasynyň “Howpsuz aragatnaşyk enjamlary, ýerleýiş we taslamalar” departamentiniň uly wise-prezidenti Hartmut Ýeşkeni kabul etdi.

Kabul edişlikde bilelikde işlemegiň tejribesini hem-de uly mümkinçiliklerini nazara almak bilen, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljegi hakynda pikir alyşmalaryň barşynda “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň sazlaşykly ösýän türkmen bazarynda ornuny berkitmäge çalyşýandygy tassyklanyldy.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz maglumat tehnologiýalary we simsiz aragatnaşyk, elektron barlag-ölçeg enjamlary, gepleşikleriň ýokary hilli, sanly hem-de takyk alnyp berilmegini üpjün edýän tele we radio ýaýlymlary üçin enjamlary öndürmek ýaly ugurlarda dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolýan kompaniýanyň işiniň esasy ugurlary bilen tanyşdyryldy. Innowasion çözgütleri üstünlikli işläp taýýarlaýjy hökmünde tanalýan “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň Germaniýanyň çäklerinden alyslarda hem wekilhanalary bolup, öz hyzmatdaşlaryna degişli hyzmatlaryň dürli görnüşlerini hödürleýär.

Döwlet Baştutanymyz ikitaraplaýyn gatnaşyklar baradaky meselelere netijeli çemeleşmäni goldamak bilen, iň gowy inženerçilik we ylmy-tehniki pikiriň gazananlaryny ornaşdyrmagy ugur edinýän Türkmenistanyň dünýäniň öňdebaryjy işewürleri, şol sanda “Rohde & Schwarz” üçin hem hemişe açykdygyny aýtdy. Biziň ýurdumyz toplumlaýyn özgertmeleri we maksatnamalary amala aşyrmak bilen, durmuşyň ähli ugurlaryna, şol sanda aragatnaşyk hem-de telekommunikasiýalar, ýokary tizlikli maglumat we multimediýa tehnologiýalary ýaly ugurlara täzelikleri işjeň ornaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär. Munuň özi köpugurly hyzmatdaşlyk üçin amatly şertleri döredýär, bu bolsa nemes kompaniýasynyň baý tejribesiniň iş ýüzünde peýdaly boljakdygyny görkezýär.

Duşuşygyň ahyrynda jenap Hartmut Ýeşke Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa netijeli we düýpli söhbetdeşlik üçin tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, “Rohde & Schwarz” kompaniýasynyň Türkmenistany ygtybarly we geljegi uly işewür hyzmatdaş hasaplap, ýurdumyz bilen mundan beýläk hem uzakmöhletleýin esasda hyzmatdaşlygy has-da ösdürmäge çalyşýandygyny aýtdy.

gala blog level3
Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň