Soňky habarlar

Arhiw

«Ahal» Täjigistana hasapdaky artykmaçlyk bilen gider

18:2213.02.2018
0
7607

«Türkmennebitönümleri» baş müdirliginiň «Ahal» futbol topary şu gün AFK-nyň kubogynyň saýlama duşuşygynda Täjigistanyň wise-çempiony «Hujand» toparyny 1:0 hasabynda ýeňip, ýene bir hepdeden täjik topragynda geçiriljek jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy.

Balkanabat şäherindäki 10 müň tomaşaçy orunlyk sport toplumynda geçirilen duşuşyk bu yklym ýaryşyna ýurdumyzdan wekilçilik eden toparlaryň 65-nji duşuşygy boldy. Bu ýaryşyň taryhynda dört gezek Täjigistanyň «Istikloly» bilen duşuşan türkmen futbolçylary taryhda ilkinji gezek başga bir täjik toparynyň garşysyna oýnady. Şol bir wagtyň özünde «Ahal» «Hujandyň» AFK-nyň kubogyndaky ilkinji garşydaşlarynyň biri boldy. Topar mundan öň diňe 2016-njy ýylda şu ýaryşyň saýlama duşuşygyna gatnaşyp bilipdi.

Öz meýdanyndaky duşuşyklaryny Hujand şäheriniň «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda geçirýän topar ýurduň çempionatynda geçen asyryň 90-njy ýyllaryndan, ýagny çempionatyň döredilen wagtyndan bäri yzygiderli çykyş edip gelýär. Milli çempionatda toparyň bäş kümüş, şonça-da bürünç medaly bar. Täjigistanyň futbol kubogyny dört gezek gazanan topar iki gezek kubok ýaryşynyň jemleýji duşuşygynda garşydaşlaryndan asgyn geldi.

Topara häzirki wagtda ýaş hünärmen Rustam Hojaýew tälim berýär. Duşuşykdan bir gün öň geçirilen metbugat maslahatynda Türkmenistana futbolçy we tälimçi hökmünde eýýäm bäşinji gezek gelýändigini aýdan hünärmen gadyrly myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirdi. Tälimçiniň žurnalistleriň sowallaryna beren jogaplary «Hujandyň» häzirki güýjüne göz ýetirmäge azda-kände mümkinçilik berdi. Düzüminde daşary ýurtly futbolçylaryň dördüsi bolan toparda ortaça ýaş — 25. Toparyň futbolçylarynyň birnäçesi Täjigistanyň milli ýygyndysynda çykyş edýär.

Balkanabat şäherindäki sport toplumynyň futbol meýdanynyň hiline-de ýokary baha beren hünärmen futboly, esasan, janköýerleriň bezeýändigine ünsi çekip, duşuşygyň dartgynly geçjekdigini aýtdy.

Hut şeýle-de boldy. Eýýäm ilkinji minutlardan iki tarap hem howply hüjümleri döredip başladylar. Dartgynly futbol oýunda käbir düzgün bozulmalara-da sebäp boldy. Duşuşygyň 17-nji minudynda myhman toparyň goragçysy Firdaws Çakalow jerime meýdançasynda «Ahalyň» hüjümçisi Süleýman Muhadowyň garşysyna gödek hereket edip, oýnuň düzgünini bozdy. Munuň üçin bolsa duşuşygyň baş emini — iordaniýaly hünärmen Ahmad Faýsal Mohammad Al Ali myhmanlaryň derwezesine 11 metrlik jerime urgusyny belledi. Urgyny ýerine ýetirmek tejribeli ýarym goragçy Myrat Annaýewe ynanyldy. Ol pökgini bat bilen derwezäniň çep burçuna gönükdirdi. «Hujandyň» estoniýaly derwezeçisi Alekseý Matrosow pökginiň gelýän ugruny dürs kesgitläp bilen bolsa, ony gaýtarmagy başarmady. Şeýlelikde, 18-nji minutda «Ahalyň» peýdasyna hasap açyldy.

Şondan 3 minut soňra, biziň ildeşlerimiziň başga bir ýarym goragçysy Guwanç Abylow hem «Hujandyň» derwezeçisi bilen başa-baş galdy. Ýöne derwezä gönükdirilen pökgi onuň ýokarsyndan geçdi.

Birinji ýarymy 1:0 hasabynda türkmen futbolçylarynyň peýdasyna tamamlanan duşuşygyň ikinji ýarymynda hem howply pursatlaryň ençemesi boldy. Hususan-da, myhmanlar hasaby deňlemek üçin yzygiderli hüjümleri gurnadylar, ýöne «Ahalyň» tejribeli goragçylary muňa mümkinçilik bermediler. Türkmen futbolçylarynyň öz geçiren hüjümleri hem netije bermedi. Şeýlelikde, duşuşyk 1:0 hasabynda «Ahalyň» peýdasyna tamamlandy.

Jogap duşuşygy 20-nji fewralda Hujand şäherindäki «Täjigistanyň Garaşsyzlygynyň 20 ýyllygy» stadionynda bolar. «Ahal» şol gün hem umumy hasapdaky üstünligini gorap bilse, taryhynda ikinji gezek gatnaşýan yklym ýaryşynda ýene-de toparça düşmegi başarar. Toparçada bolsa has güýçli garşydaşlar — Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Gyrgyzystanyň çempionlary garaşýar. AFK-nyň kubogynyň toparçalardaky duşuşyklary mart aýynda başlar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň