Soňky habarlar

Arhiw

Aşgabatda senagat tehnologiýalarynyň sergisi tamamlandy

14:4403.02.2018
0
7151

Aşgabatda senagat önümleriniň, enjamlarynyň we döwrebap tehnologiýalaryň Halkara sergisi öz işini tamamlady. Giň möçberli sergi halk hojalygy toplumynyň ähli möhüm ugurlaryny, şol sanda ýangyç-energetika toplumyny, elektroenergetikany, aragatnaşygy, gurluşygy, himiýa senagatyny, dokma pudagyny, gaz we nebit-himiýa, gurluşyk serişdeleri önümçiligini, iýmit önümlerini, söwdany, hyzmatlar ulgamyny öz içine aldy. Sergä gatnaşyjylar ýokary hilli durmuş tehnikasyny, elektronikany, lukmançylyk barlaghana enjamlaryny, dürli maksatly mebelleri öndürýän düzümler, şeýle hem ylym we kosmos tehnologiýasynda, energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmelerinde işläp taýýarlamalary görkezdiler.

Ýurdumyzyň döwlet we hususy düzümleriniň bölümlerinde, daşary ýurt kompaniýalarynyň diwarlyklarynda gurluşygy alnyp barylýan senagat toplumlarynyň we beýleki desgalaryň maketleri, tehnikalaryň, enjamlaryň, gurluşyk serişdeleriniň, biotehnologiýalaryň nusgalary, köpçülikleýin islegden peýdalanýan önümleriň dürli görnüşleri görkezildi.

Üç günläp dowam eden sergide oňa gatnaşyjy kompaniýalaryň önümleriniň tanyşdyrylyş çäreleri boldy we hereket edýän hem-de gatnaşyk saklamaga isleg bildirýän hyzmatdaşlar bilen duşuşyklar, gepleşikler geçirildi. Daşary ýurtly öňdebaryjy tehnologiýalary işläp taýýarlaýjylar bilen göni gatnaşyklary ýola goýmaga gyzyklanma bildirýän ýurdumyzyň telekeçileri täze taslamalaryň we teklipleriň üstünde bilelikde işlemek boýunça ýaýbaňlandyrylan çäreleriň işjeňleşdirilmegine uly gyzyklanma bildirdiler.

Giň möçberli serginiň ýapylyş dabarasynda oňa gatnaşyjylara diplomlar we halkara nusgadaky sertifikatlar gowşuryldy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň