Soňky habarlar

Arhiw

Dekabr aýynda futzal boýunça Türkmenistanyň çempionaty geçiriler

22:1308.12.2017
0
2410

Türkmenistanyň Sport baradaky döwlet komitetiniň we Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bilelikde guramagynda 14-21-nji dekabr aralygynda futzal boýunça ýurdumyzyň çempionaty geçiriler.

Paýtagtymyzda geçiriljek çempionata Mary, Balkan, Ahal, Daşoguz welaýatlarynyň çempionlary hem-de Aşgabat şäheriniň Açyk çempionatynda baýrakly orunlara eýe bolan (“Galkan”, “Talyp Sport”, “Migrasiýa”) toparlar gatnaşarlar. Çempionata 8 topar gatnaşyp, olar iki toparçada bäsleşerler. Her toparçada ilkinji iki orny eýelänler ýaryşy ýarymfinaldan dowam ederler.

Mälim bolşy ýaly, ýakynda futzal boýunça Aşgabat şäheriniň açyk çempionaty geçirilip, ol Içeri işler ministrliginiň "Galkan" toparynyň ýeňşi bilen tamamlandy.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň