Pudagara utgaşdyryjy toparyň göçme mejlisi geçirildi

12:3524.11.2017
0
1096

Türkmenistanyň Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinde Türkmenistanyň “Saglyk” Döwlet maksatnamasy esasynda ministrlikleriň we pudak edaralarynyň öňünde goýlan wezipeleri bilelikde ýerine ýetirmek maksady bilen, Saglygy goraýyş boýunça köpulgamlaýyn pudagara utgaşdyryjy toparyň nobatdaky göçme mejlisi geçirildi. Oňa Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasyndan, guramanyň Ýewropa sebiti boýunça edarasyndan, ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty, Medeniýet ministrliklerinden, Syýahatçylyk baradaky döwlet komitetinden hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdelerinden wekiller gatnaşdylar.

Göçme mejlisiň gün tertibinden temmäkä garşy göreş baradaky çykyşlara aýratyn orun berildi. Olardan Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistandaky wekilhanasy bilen bilelikde temmäkä garşy
göreş, temmäki önümlerine gözegçilik boýunça alnyp barylýan salgyt syýasaty, ýokanç däl keselleriň öňüni almakda sagdyn iýmitlenmegiň ähmiýeti dogrusyndaky giň mazmunly çykyşlar gatnaşyjylar tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Temmäkiniň ynsan saglygyna zyýany, bu zyýanly närsäni ýok etmek ugrunda tagallalary birleşdirmekde pudagara utgaşdyryjy toparyň göçme mejlisiniň ähmiýeti dogrusynda söhbet edildi. Öňde durýan möhüm wezipeler kesgitlenildi. Mejlisde ýurdumyzyň dürli künjeklerinde edilýän işler hakynda hem aýdyldy, olara ýokary baha berildi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň