Soňky habarlar

Arhiw

Şu gün futbol çempionatymyzyň Ýokary ligasynda 32-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

10:0621.11.2017
0
973

Şu gün Türkmenistanyň futbol boýunça milli çempionatynyň Ýokary ligasynda 32-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Bir günde geçiriljek 4 duşuşyk bilen tamamlanjak tapgyrda Mary DES-niň "Energetik" futbol topary dynç alar. Tapgyryň duşuşyklarynyň biri Aşgabatda, biri Daşoguzda, ikisi bolsa Balkan welaýatynyň şäherlerinde geçiriler.

“Balkan” – “Ahal”
Geçirilýän ýeri: “Sport toplumy” stadiony (Balkanabat ş.)
Geçirilýän wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: Igor Barabaş
Gözegçi emin: Hudaýnazar Rejebow

Geçen tapgyrda toparlaryň ikisem ýeňildi. Röwşen Meredowyň şägirtleri bolsa çempionlyk ýaryşynda uly ýara aldylar. Şu ýylky "Balkan" — "Ahal" duşuşyklaryna seredeniňde, elbetde "Türkmennebitönümleri" Baş müdirliginiň topary garşydaşlaryna görä üstün. Ýöne Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, bu gün "Ahala" hüjümçi Wahyt Orazsähedow bilen goragçy — kapitan Didar Hajyýew kömek edip bilenok. "Balkanda" bolsa Daýanç Orazgulyýew bilen Akmämmet Metdäýe duşuşyga gatnaşyp bilmez. Ýeňiş — toparlaryň ikisi üçin hem zerur. "Ahal" mundan beýläk hem çempionlyk ýaryşyny dowam etdirmek üçin diňe ýeňiş gazanmaly. "Balkan" bolsa, iň bolmanda, dördünji orny saklamaga synanyşmaly. Häzir "Balkanyň" 41, 5-nji orundaky "Aşgabadyň" bolsa 36 utugy bar. Paýtagtyň adybir toparynyň tapgyrda "Turan" bilen duşuşjakdygyny ýatlatsak, edil bu tapgyrda bolmasa-da, soňky tapgyrlarda "Aşgabat" "Balkan" bilen 4-nji orun üçin çynlakaý göreşe girişip biler.

“Altyn Asyr” – “Merw”
Geçirilýän ýeri: “Aşgabat” stadiony (Aşgabat ş.)
Geçirilýän wagty: 15:00
Duşuşygyň emini: Alibek Sapaýew
Gözegçi emin: Jamil Mamedow

Bassyr dördünji çempionlygyna ýakynlaşan "Altyn asyr" indi bu mümkinçiligi sypdyrmazlyk üçin göreşer. "Merw" — "Altyn asyr" üçin ýeňil bolmadyk garşydaşlaryň biri. Mary welaýatynyň topary häzirki çempiony geçen ýyl Aşgabatda, bu ýyl bolsa Maryda ýeňmegi başarypdy. Ýöne soňky ýyllarda käbir duşuşyklarda "Altyn asyryň" has uly hasaplar bilen ýeňiş gazanandygynam ýatdan çykarmaly däl. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýazguly Hojageldiýew bu duşuşykda Selim Nurmyradow bilen Akmyrat Jumanazarowdan peýdalanyp bilmez, "Merwiň" düzüminde bolsa duýduryş kartlary sebäpli duşuşygy goýberýän futbolçy ýok.

“Turan” – “Aşgabat” 
Geçirilýän ýeri: “Garaşsyzlyk” stadiony (Daşoguz ş.)
Geçirilýän wagty: 15:30
Duşuşygyň emini: Ruslan Ereşow
Gözegçi emin: Wadim Baratow

Geçen tapgyrda ýaryşyň üçünji ornundaky "Şagadamdan" üstün çykan "Aşgabat" janköýerlerine umyt berdi. Ýöne bu umyt topara, edip bilse, dördünji orna çykmaga kömek eder. Munuň üçin hem "Aşgabat" ýeňişlerine yzygiderlilik bermeli. Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Amangylyç Koçumowyň şägirtlerine bassyr ikinji ýeňşini gazanmak üçin tapgyrda mümkinçilik ýok däl. Ýöne, ýaryş tertibiniň soňky basgançagynda barýan hem bolsa, "Turanyň" öz meýdanynda gowy oýny gurnap bilýändigini hem ýatdan çykarmaly däl. Tapgyrda dördünji orundaky "Balkanyň" güýçli garşydaş bolan "Ahal" bilen duşuşýandygyny nazarda tutup, "Aşgabadyň" şu gezek gazanyljak ýeňiş bilen dördünji orna ýakynlaşmak mümkinçiliginiň uludygyny ýene bir gezek ýatladýarys.

“Şagadam” – “Köpetdag” 
Geçirilýän ýeri: “Şagadam” stadiony (Türkmenbaşy ş.)
Geçirilýän wagty: 15:30
Duşuşygyň emini: Begenç Allaberdiýew
Gözegçi emin: Eldar Ramazanow

Geçen tapgyrda garaşylmadyk ýagdaýda ýeňlen "Şagadam" indi ep-esli gün bäri diňe türgenleşip dynç alan "Köpetdagy" kabul edýär. Ýadyňyzda bolsa, üçünji aýlawda "Köpetdag" kenarlylary ýeňipdi. Diýmek, Klimenko we onuň şägirtlerine ýene-de seresap bolmak gerek. Aslynda, "Şagadam" çempionaty üçünji orunda tamamlady" diýip hem bileris. Ýöne, her niçigem bolsa, seresap bolmak gerek. Öňde 5 tapgyr bar. 5 tapgyr "Şagadam" bilen "Balkanyň" arasyndaky 10 utuklyk tapawudy ýapmak üçin ýeterlik bolup biler.

Tapgyrda duýduryş kartlary sebäpli, duşuşyklara gatnaşyp bilmejek futbolçylar:

1. Berenow Myratberdi (“Şagadam”)
2. Hajyýew Didar (“Ahal”)
3. Orazsähedow Wahyt (“Ahal”)
4. Nurmyradow Selim (“Altyn Asyr”)
5. Jumanazarow Akmyrat (“Altyn Asyr”)
6. Orazgulyýew Daýanç (“Balkan”)
7. Metdäýew Akmämmet (“Balkan”)

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň