Aşgabat Aziadasyna bagyşlanan metbugat maslahaty geçirildi

14:3924.09.2017
0
2654

Şu gün Olimpiýa şäherçesindäki Halkara ýaýlyma beriş merkezinde Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň, Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň, V Aziýa oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň, Triwandi-Çanzo kompaniýasynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda metbugat maslahaty boldy. Türkmenistanyň Milli olimpiýa komitetiniň baş sekretary Azat Myradow öz çykyşynda:

 – Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlaryň çäginde geçýän her bir oýun talabalaýyk dowam edip dur. Şol sanda-da, eminleriň adalatly çözgüdi hemmeleri kanagatlandyrar derejede. Taryhyň altyn sahypalaryna ýazyljak “Aşgabat 2017-niň” açylyş dabarasy uly şatlyk-şowhuna beslendi. Ýakyn günlerde, has takygy, 27-nji sentýabrda geçjek ýapylyş dabarasyny hem şeýle şowhun bezär – diýip,  häzirki güne çenli Aziada oýunlarynyň güýçli depginde geçirilýändigini nygtap geçdi.

V  oýunlaryna taýýarlyk görmek baradaky ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy Daýanç Gulgeldiýew:

 – Ilki bilen, siziň ähliňizi metbugat maslahatynda hoş gördük! 

    Olimpiýa şäherçesiniň düýbi 2010-njy ýylda tutuldy we oýunlaryň geçiriljek desgalaryny dünýä ülňülerine laýyk derejede gurmak üçin şol wagtdan bäri  zähmet çekildi. “Aşgabat 2017” üçin daşary ýurtlardan hem 400-den gowrak işgär getirildi. Oýunlaryň ahyrky gününe çenli işler häzirki depgindäki ýaly alnyp barylar diýip umyt edýärin.

Aziýa Olimpiýa Geňeşiniň Prezidenti Wei Jizhong:

 – Men hem azat Myradowyň, Daýanç Gulgeldiýewiň aýdanlaryny doly goldaýaryn we öz gezegimde-de käbir zatlary goşmak isleýärin. Mundan öň men on sany Aziýa oýunlaryna gatnaşdym we Olimpiýa oýunlarynyň 9-syny özüm gurnadym. Diýjek bolýan zadym, Türkmenistanda geçirilýän Aziada oýunlary, oýunlaryň geçýän desgalary ýaly täsinlikleri henize çenli görmedim. Şol sebäpli biz türkmen halkyna, Türkmenistanyň Hormatly Prezidentine sag bolsun aýdýarys!

Triwandi-Çanzo kompaniýasynyň  direktory Jean Tomlin:

 – “Aşgabat 2017” üçin biziň kompaniýamyzyň çagyrylanyna, eýýäm iki ýyldan gowrak wagt boldy. Ilkinji gelen günlerimizde gurulýan ajaýyp degalar ünsümizi çekdi. Häzirki wagtda Aziada oýunlarynda meýletinçileriň hyzmaty uludyr. Olar munuň üçin birnäçe wagtlap okadylar we öz ýerine ýetirmeli işleriniň doly derejede tärini aldylar. Olar garaşylýan ýagdaýdan has ýokary netije berdiler – diýip, Jean Tomlin maslahaty buýsançly sözleri bilen jemledi.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň