Soňky habarlar

Arhiw

Kubok, çärýek finalyň birinji duşuşyklary: üstünlik myhmanlaryň tarapynda boldy

16:5103.08.2017
0
1014

Ýurduň kubogyna mynasyp bolan toparyň geljek ýyl AFK-nyň kubogynda çykyş etmäge hukuk gazanyp başlaly bäri, bu ýaryşyň ähmiýeti has-da artdyr. Çempionatda çempionlyk mümkinçiligi azalan toparlar üçin kubok ikinji mümkinçilikdir. Çärýek finalyň ilkinji duşuşyklarynda myhmançylykda çykyş eden toparlar ýa-ha ýeňdi, ýa-da golly deňlik bilen jogap duşuşygy üçin artykmaçlyk gazandy.

Ýene öýdäki «gussa»

«Balkan» — «Ahal» — 1:3.

Gollar:

0:1, Myrat Annaýew 41’

0:2, Wahyt Orazsähedow 55’

0:3, Wahyt Orazsähedow 58’

1:3, Mekan Saparow 73’.

          Şu ýyl «Ahalyň» gol tupanyndan halas bolmakda kynçylyk çekýän «Balkan» ýene-de derwezesinde 3 gol gördi. 41-nji minutda Myrat Annaýew bilen öňe saýlanan «Ahal» 55-nji we 58-nji minutlarda hasaby 0:3-e ýetirdi. «Balkan» diňe 73-nji minutda Mekan Saparowyň goly goly bilen bir jogap pökgüsini geçirmegi başardy.

          Öz meýdanyndaky utulyş «Balkanyň» ýarym finala çykmak mümkinçiligini azaltdy. Şeýle-de bolsa, 8-nji awgustdaky jogap duşuşygy üçin umyt ýok däl. Emma «Ahal» ýaly güýçli garşydaşdan myhmançylykda 3 gol tapawudy bilen üstün çykmak hem ýeňil-ýelpaý iş däl.

Kuboga tarap bir ädim

«Aşgabat» — «Altyn asyr» — 0:1.

Gol:

0:1, Myrat Ýagşyýew.

Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň sport meýdanynda geçirilen duşuşykda geçen ýylyň finalçylary ýarym finala çykmak üçin güýç synanyşdylar. Tomusky türgenleşiklerini Bolgariýada geçip, ýakynda Watanymyza dolnanan «Altyn asyr» Myrat Ýagşyýewiň ikinji ýarymdaky ýeke-täk goly bilen janköýerlerini umytlandyrdy. Emma kubok ýaryşlarynda bu hasabyň ahyrky netijä juda bir uly täsirini ýetirmeýändigi hemmämize mälim. Şeýle-de bolsa, ýarym finala petegiň 60 göterimi «aragatnaşykçylaryň» elinde.

«Merw» ýene ýeňilmedi

«Merw» — «Energetik» — 1:1.

Gollar:

1:0, Begenç Allamow 22’ (11 m.j.u.)

1:1, Guwanç Abylow 58’

22-nji minutda penaltist Begenç Allamowyň goly «Mewriň» janköýerlerini begendiren hem bolsa, bu şatlyk 58-nji minuda çenli dowam etdi. Guwanç Abylow hasaby deňläp, «Energetigi» ýarym finala bir ädim ýakynlaşdyrdy. Indi «Merwe» jogap duşuşygynda ýa 1-den kän golly deňlik, ýa-da utuş gerek. Bu belli däl, başga bir zat bolsa eýýäm aýdyň. Ynanaýyň, kubok ýaryşynyň ýarym finalynda Mary welaýatynda hökman bir topar bolar.

"Köpetdag" bir ädim öňde

«Şagadam» — «Köpetdag» — 1:1.

Gollar:

0:1, Baýramgeldi Nuryýew

1:1, Hydyr Ýakubow.

Tomusky ýoldaşlyk duşuşyklarynda güýçli garşydaşlarynyň ençemesini ýeňip, üçünji aýlawa we kubok ýaryşyna umydyny güýçlendiren "Köpetdag" güýjüni görkezdi. Myhmançylykda çykyş edýändigine garamazdan, topar duşuşykda ilkinji bolup hasaby açdy. "Şagadam" bolsa hasaby deňläp bilse razylaşmaly boldy. Emma 1:1-lik hasap kän bir zady çözenok. Jogap duşuşygynda ýagdaýlar üýtgäbem biler.

"Ahal" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 43

Ýeňişler: 14

Deňlikler: 8

Utulyşlar: 21

Pökgüler: 53-69

"Şagadam" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 78

Ýeňişler: 32

Deňlikler: 15

Utulyşlar: 31

Pökgüler: 107-99

"Balkan" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 109

Ýeňişler: 59

Deňlikler: 14

Utulyşlar: 36

Pökgüler: 206-133

"Energetik" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 11

Ýeňişler: 5

Deňlikler: 3

Utulyşlar: 3

Pökgüler: 15-12

"Aşgabat" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 28

Ýeňişler: 10

Deňlikler: 4

Utulyşlar: 14

Pökgüler: 28-34

"Altyn Asyr" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 32

Ýeňişler: 16

Deňlikler: 10

Utulyşlar: 6

Pökgüler: 66-25

Täzeden dikeldilen "Köpetdag" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 11

Ýeňişler: 7

Deňlikler: 2

Utulyşlar: 2

Pökgüler: 16-9

"Merw" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 99

Ýeňişler: 46

Deňlikler: 20

Utulyşlar: 33

Pökgüler: 145-119

"Turan" futbol toparynyň Türkmenistanyň kubok ýaryşynda görkezen umumy netijesi.

Duşuşuklar: 65

Ýeňişler: 23

Deňlikler: 9

Utulyşlar: 33

Pökgüler: 84-105

Türkmenistanyň kubogy — 2017-de tapawutlanan futbolçylar

1. Röwşen Halmämmedow, «Köpetdag», 2 gol

2. Wahyt Orazsähedow, «Ahal», 2 gol

3. Ibragim Ibragimow, «Turan», 1 gol

4. Ýazgylyç Gurbanow, «Köpetdag», 1 gol

5. Merdan Rejepbaýew, «Turan», 1 gol

6. Döwlet Döwletmyradow, «Köpetdag», 1 gol

7. Myrat Annaýew, «Ahal», 1 gol

8. Mekan Saparow, «Balkan», 1 gol

9. Myrat Ýagşyýew, «Altyn asyr», 1 gol

10. Begenç Allamow, «Merw», 1 gol

11. Guwanç Abylow, «Energetik», 1 gol

12. Baýramgeldi Nuryýew, «Köpetdag», 1 gol

13. Hydyr Ýakubow, «Şagadam», 1 gol. 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň