Soňky habarlar

Arhiw

Türkmenistanyñ ýaşaýyş jaýlarynda häzirki zaman telekommunikasia ulgamy ornaşdyrylýar

19:0021.06.2017
0
5517

Halkara ölçegleriñ ýokary derejesine laýyk gelýän aragatnaşygyñ telekommunikasiýa ulgamynyñ depginli ösdürilmegi milli Liderimiziñ durmuş-ykdysady syýasatynyñ esasy ugurlarynyñ biridir. Sanly ulgamy hem goşmak bilen, telefon beketleriniñ ösen awtomatlaşdyrylan toplumy aragatnaşygyñ ýokary hilli hyzmatlaryny hem-de giñ gerimli Internede goşulmak üçin ýokary tizlikli ýaýlymlary üpjün edýär. 

Häzirki wagtda «Türkmen Älem 520E»-niñ hemra transponderleriniñ ýokary geçirijilik ukyby milli telewideniýanyñ we radionyñ ähli gepleşiklerini HD görnüşinde görkezmäge mümkinçilik berýär. Milli hemranyñ hyzmatlaryndan Türkmenistanyñ ýaşaýjylary, şol sanda dürli ministrlikleri we pudak edaralary üstünlikli peýdalanýarlar. Geostasionar orbitadaky Türkmenistanyñ «Türkmen Älem 520E» hemrasy köpgörnüşli aragatnaşyk hyzmatlarynyñ birnäçesini, mysal üçin, sanly teleradiogepleşikleri, telefon aragatnaşygyny, wideomaslahat aragatnaşygyny, maglumatlary ibermegi, hemra Internetini hödürlemäge mümkinçilik berýär. 

Diñe ýurdumyzyñ paýtagtynyñ ýaşaýjylaryny döwrebap aragatnaşyk hyzmatlarynyñ toplumy bilen (simli aragatnaşygy, Internet, IP TV) üpjün etmek üçin ýüzlerçe kilometr dürli görnüşli kabeller çekildi. Aşgabadyñ ýaşaýyş jaýlarynyñ aglabasy maglumatlar ulgamyna birikdirildi. Häzirki wagtda bu ugurda işler dowam edýär. 

Aşgabatda ýaşaýyş jaýlary «öýe çenli süýümli ulgam» bilen gurşalandyr, ýurdumyzyñ ähli ilatly ýerlerinde kabel ulgamlarynyñ süýüm-optiki geçirijiler bilen çalşyrylmagy dowam etdirilýär, munuñ özi häzirki zaman ýokary tehnologiýaly aragatnaşyk hyzmatlarynyñ elýeterliligini üpjün edýär. Internet hyzmatlaryndan peýdalanyjylaryñ sany ýokary depginlerde artýar. Soñky ýyllaryñ dowamynda bu görkeziji ep-esli artdy. 
Häzirki wagtda ADSL hem-de aýrylaşdyrylan ulgamlar, Wi-Fi tehnologiýasy esasynda internet hyzmatlary edilýär. Welaýat we etrap merkezlerinde NGN tehnologiýasy boýunça iñ täze telefon beketleri gurnalýar, olar telefon we internet aragatnaşygy hyzmatlaryndan bir wagtda peýdalanmaga mümkinçilik berýär. 

Ýakyn ýyllarda Türkmenistanda telearagatnaşygy ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak boýunça uly möçberli taslamany amala aşyrmak göz öñündetutulýar. 4G (LTE) ulgamyny giñeltmek üçin işler çalt depginlerde alnyp barylýar. Diñe Olimpiýa şäherjiginde bu ulgamyñ binýatlaýyn beketleriniñ onlarçasy guruldy. Olar Aziýada-2017-niñ myhmanlaryna iñ döwrebap aragatnaşyk hyzmatlaryny, şol sanda ýokary tizlikli internet we ykjam telewideniýe hyzmatlaryny eder.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň