Soňky habarlar

Arhiw

Futbol boýunça Aziýa –2019 kubogy: Türkmenistanlylar nobatdaky tapgyra çykmaga mümkinçiligi saklap galýarlar

23:1613.06.2017
0
11496
Futbol boýunça Aziýa –2019 kubogy: Türkmenistanlylar nobatdaky tapgyra çykmaga mümkinçiligi saklap galýarlar

13-nji iýunda ýurdumyzyň demirgazyk welaýatynyň merkezinde Türkmenistanyň we Bahreýniň ýygyndy toparlarynyň arasynda futbol boýunça Aziýa – 2019 Kubogy ugrundaky saýlama ýaryşyň   üçünji tapgyrynyň duşuşygy geçirildi. Çekeleşikli oýunda ýer eýeleri 1:2 hasabynda utuldylar.

Biziň ýygyndymyz “E” toparynda çykyş edýär. Bu toparda Bahreýniň ýygyndysyndan başga-da, Taýwanyň we Singapuryň toparlary çykyş edýärler. Birinji duşuşykda türkmenistanlylar Taýwanyň toparyny ynamly ýeňip (3:1), üç utuk bilen öňdeligi eýeledi. Utulanlaryndan soň, olar bir basgançak aşak düşüp, dört utuk toplan şu günki garşydaşlaryny  öňe goýberdiler.

Ýaryşlaryň üçünji tapgyry 12 ýygyndyny (her topardan iň gowy iki ýygyndyny) ýüze çykarar. Olar nobatdaky tapgyrda göreşi dowam etdirer.

2019-njy ýylda Birleşen Arap Emirliklerinde geçiriljek Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň final tapgyrynda ilkinji gezek 24 toparyň gatnaşjakdygyny bellemelidiris. Olardan  Awstraliýanyň, Yragyň, Eýranyň, Ýaponiýanyň, Koreýa Respublikasynyň, Kataryň, Saud Arabystanynyň, Siriýanyň, Tailandyň, Özbegistanyň we BAE-niň ýygyndylary eýýäm öz garşydaşlaryna garaşýarlar.

Utulandygyna garamazdan, Türkmenistanyň ýygyndysy nobatdaky tapgyra çykmak üçin  mümkinçiligi saklap galýar. Üçünji tapgyrda  biziň    futbolçularymyz 5-nji sentýabrda Singapuryň ýygyndysy bilen myhmançylykda duşuşar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň