Soňky habarlar

Arhiw

“Injir.com.tm” – hemmeler üçin internet söwdasy

0
41291

Türkmen telekeçileri onlaýn-söwda gurşawyny işjeň özleşdirýärler. “Injir” onlaýn söwda meýdançasy hem  şeýle uly söwda platformalarynyň biridir.

Internet söwdasy bütin dünýäde, şol sanda Türkmenistanda hem uly meşhurlygy gazanýar. Adamlaryň köp bölegi onlaýn-şoppingiň we onlaýn-söwdanyň amatlyklaryny ýüze çykardylar. Satyn alyjylar üçin internet-meýdançasynyň esasy amatlylygy, onuň gerek bolan harytlary amatly bahalar bilen gözlemekde dükanlara “ylgamak” zerurlygyny aradan aýyrýanlygyndadyr. Mundan başga-da, şeýle dükanlarda harytlar köplenç arzan bahadan bolýar, sebäbi satyjy otag kärendesine we işgärleriň aýlygy üçin pul harçlamak zerurlygy ýok. Bu faktlar esasan hem, öz harytlary üçin gerekmejek harçlamalary we töwekgelçiligi başa alman, satmak isleýänler üçin aýratynlyk bolup durýar.

“Injir” näme?

“Injir” – söwda meýdança saýty, size mälim bolan umumy harytlaryň jemlenen söwda platformasydyr. Has aňsatlaşdyryp aýdanyňda, bu – satyjylaryň öz harytlaryny satmak üçin orun, ýer kärendeçiligini edýän söwda merkezi. Bu täze taslama, ol ýakynda işe girizildi we biziň ýurdumyzyň internet-giňişligine işjeň ornaşyp başlady.

“Injir” agregatorynda hususy telekeçiler ýa-da söwda işini alyp barmaga ygtyýary bar bolan ýönekeý söwda nokatlaryň we brend dükanlaryň eýeleri satyjy bolup bilýärler.

Şahsy otag arkaly harytlaryň sergisini gurnamak, satyn alyjy bilen göniden-göni aragatnaşyk etmek, harytlaryňa bolan bahalary we arzanladyşlary dolandyrmak mümkindir. Bu hyzmat ilkinji ýarym ýylda satyjylar üçin mugt bolup durýar.

Satyn alyjy saýtyň hasaba alnan peýdalanyjysy bolup, hat-da saýtyň myhmany bolup hem harydy sargap bilýär. Satyjylar harydy eltip bermek-de tölegi nagt we terminal arkaly nagt däl görnüşinde hasaplaşyklary üpjün edýär.

Şeýle-de, ýakyn wagtda tölegi saýtyň özünde etmegi ýola goýmak meýilleşdirilýär. Söwda meýdançasynda islendik kategoriýa degişli, egin-eşik ýa-da aýakgapdan başlap tä oýunjaklar we öý harytlaryna çenli tapyp saýlap almak mümkindir.

Saýtyň işleýşi nähili?

Baş sahypadan alyjy ýa-da satyjy hökmünde hasaba alynmak mümkin. Hasaba alnan satyn alyjy harytlary görüp, saýlamak bilen çäklenmän, eýsem täzelikler bilen bagly salgylanmalary alyp biler, öz sargytlarynyň we tölegleriniň taryhyny yzarlap biler, bonus ballary toplap, şeýle-de satyjylaryň işine baha berip biler. Satyjynyň hasaba alynmagy oňa söwda meýdançasyna öz harydyny ýerleşdirmäge we söwda başlamagyna mümkinçilik berýär.

Satyjy hökmünde hasaba alynmaklyk üçin “satyjy bolmak” diýen gyzyl düwmesine, soňra “satmaga başla” düwmesine basmaly. Ondan soňra bolsa, sahypanyň ýokarky böleginde ýerleşdirilen, öz adyňyzy we familiýaňyzy, elektron salgyňyzy we telefon belgiňizi, dükanyňyzyň adyny görkezmek ýeterlikdir.

Peýdalanyjynyň akkauntyna çalt geçmek üçin gyzyl reňk bilen tapawutlandyrylan nawigasiýa paneli ekranyň sag tarapynda ýerleşdirilendir. 

“Kategoriýalar” düwmesini basmak bilen siz zerur harydy saýlap bilersiňiz. Sanawda çaga üçin niýetlenen harytlar, oýunjaklar, el işleri we halk döredijiligi, egin-eşikler, sport harytlary we ş.m. hödürlenen. 

Söwda meýdançasynyň hyzmatdaşlyk saklaýan dükanlarynyň sanawy bilen tanyşyp we olaryň hödürleýän harytlaryny görmek mümkin.

“Injir” administrasiýasynyň satyjylara hem-de saýtda şeýle-de jemgyýetçilik torlarynda häzirki zaman marketing we mahabat çözgütleriniň kömegi bilen ösmek mümkinçiligini döredýär. 

Satyn alyjylaryň seslenmeleri esasynda haryt meşhurlygy boýunça ýokarlygyna (ýa-da aşaklygyna) süýşüp durýar, satyjy bu orunlara öz islegi boýunça täsirini ýetirip bilmeýär. Iň ýokary hyzmatly ýokary hilli haryt öňdäki saýlamalaryň hataryna goşulýar.

Umuman alaňda meýdançanyň interfeýsi düşünmek üçin aňsat, ownuk zatlar bilen ýa-da ýüregedüşgünç mahabatlar bilen çylşyrymlaşdyrylmadyk. Dükanlaryň we harytlar köpdürliliginiň sanawy günde köpelmek bilen bolýar, şonuň bilen birlikde işjeň satyn alyjylaryň sany hem artýar.  

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar