Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Durnukly şäherler – geljegiň gözýetimidir

0
86318

Şäherler diýmek — bu diňe  ýaşaýyş jaýlary däl-de, adamlaryň özaragatnaşygy,  ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy, saglygyny berkitmegi üçin niýetlenilen çylşyrymly ulgamlar toplumy diýmekdir! Şäheriň nämedigi barada gysgaça jogap bermek örän kyn, çünki Şäher – bu diňe bir çäk bolman, eýsem adamyň hemişe kämilleşdirmäge we gowulandyrmaga ymtylýan özara gatnaşyklar ulgamydyr. Ynha şu ýerde ýönekeý şäherden iň döwrebap, innowasion ýokary tehnologiýalaryň ählisini özünde jemleýän Durnukly şähere geçiş amala aşyrylýar.

Durnukly şäher – adamyň ýaşaýyş şertleriniň we onuň daşky gurşawynynyň kämilleşdirmek  we gowulandyrmak maksady bilen Hökümetiň, işewür guramalaryň, önümçilik kärhanalaryň we täjirçilik däl guramalaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň hasabyna daşky gurşaw bilen sazlaşykly,  hem-de adamlaryň özaragatnaşygy,  ýaşamagy, zähmet çekmegi, bilim almagy, saglygyny berkitmegi üçin oňaýli sertleriň  döredilip, ösdürilýän, kämilleşdirilýän  şäheridir.

31-nji oktýabrda Bütindünýä durnukly şäherler güni bellenip geçilýär, şonuň bilen baglylykda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň we Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň “Türkmenistanda şäherleriň durnukly ösdürilişi: Aşgabatda we Awazada ýaşyl şäherleriň toplumlaýyn ösdürilişi” atly bilelikdäki taslamasy tarapyndan birnäçe işler amala aşyrylýar.

Durnukly şäher – bu strategik meýilnamalaşdyrma, geljegi nazarlama, geljekki nesiller hakynda aladadyr. Durnukly şäheriň strategiýasy ähli umumylyklary göz öňünde tutup, öz-özüni ykdysady taýdan üpjün etmäge ukyplylygy, şeýle-de raýatlaryň işjeň gatnaşmagy bilen, tebigatymyzyň ekologiýa ulgamlarynyň goralmagyny öz içine alýar. Biziň bu ugurdaky maksadymyz – şu günüň hözirini görüp, ertirimiz hakynda alada etmekdir!

Durnukly şäherleri ösdürmek boýunça taslama aşakdakylara gönükdirilen:

Aşgabat şäherinde we Awazada toplumlaýyn pes uglewodorodly we howa üýtgemegi nukdaý nazardan durnukly çözgütleri kesgitlemek, işläp taýýarlamak we durmuşa geçirmek üçin ähli mümkinçilikleri we amatly şertleri döretmek;

Parnik emele getiriji gazlarynyň daşky gurşawa zyňylýan mukdaryny azaltmak hem-de daşky gurşawa ýetirilýän beýleki ýaramaz täsirleri aradan aýyrmak;

Daşky gurşawy goramak we durnukly ösüş baradaky maglumatlary ýaýratmakda ýardam bermek, bu ugurda edaralaryň we ýolbaşçylaryň mümkinçiliklerini artdyrmak, şeýle-de şäherleri durnukly ösdürmek  baradaky strategiýanyň we degişli kadalaşdyryjy hukuk namalaryň durmuşa geçirilmegine ýardam bermek arkaly toplanan tejribäni köpçülige ýaýmak hem-de umumy milli derejede taslamanyň synag çäreleriniň netijeleriniň gerimini giňeltmek.

Taslamanyň işe başlan pursadyndan başlap, biziň umumy maksatlarymyza ýetmek üçin niýetlenilen, dürli ugurlar boýunça taslama çäreleri durmuşa geçirilip başlandy.

Häzirki wagtda BMG-niň Ösüş Maksatnamasyň we Tükmenistanyň  Hökümetiniň, hususy pudagyň we jemgyýetçilik guramalarynyň özara hyzmatdaşlygy netijesinde energiýadan netijeli peýdalanmak, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek, şäherleriň daşky gurşawynyň düzüm böleklerine gözegçilik etmek, şäherde galyndylary dolandyrmak, jemgyýetçilik maksatly binalarda “ýaşyl tejribeleri” ornaşdyrmak babatda tagallalary utgaşdyrmak işleri alnyp barylýar.

Geçen döwürde taslamanyň hünärmenleri “Gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri hakynda” hem-de “Energiýany tygşytlamak we energiýadan netijeli peýdalanmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunlarynyň taslamalaryny işläp taýýarlamaklyga, gaýtadan dikeldilýän energetikany ösdürmek baradaky Milli Strategiýanyň taslamasyny işläp taýýarlamaklyga işjeň gatnaşdylar, Türkmenistanyň elektrik energetika pudagynyň durnukly ösdürilmegine ýardam berýän kadalaşdyryjy tehniki resminamalaryň işlenip taýýarlanylmagyna goldaw berdiler. Aşgabat şäheriniň elektriküpjünçiligi ulgamlarynyň işini kämilleşdirmek hem-de parnik emele getiriji gazlarynyň daşky gurşawa mukdaryny azaltmak üçin maksady bilen taslama tarapyndan 60 sany güýç transformatorlary Aşgabat şäheriniň elektriküpjünçiligi ulgamlarynda gurnamak üçin satyn almak, we täze gurnalan transformatorlaryň energiýa auditini geçirmek, şeýle-de Aşgabat şäheriniň köçe yşyklandyryş ulgamynyň nusgalyk taslama geçirmek üçin bellenilen synag meýdançasynda swetodiod çyralary hem-de täze energiýatygşytlaýjy innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça işler alnyp barylýar.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasyň hünärmenleri howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli Strategiýasynyň rejelenen görnüşini işläp taýýarlamaklyga işjeň gatnaşdylar, hem-de häzirki wagtda Howanyň üýtgemegi barada BMG-niň Çarçuwaly konwensiýasy üçin Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi hakynda dördünji Milli habarnamaynyň taslamasynyň taýýarlanmagyny utgaşdyrýar.

Türkmenistanyň şäherlerinde ekologik gözegçilik ulgamyny kämilleşdirmek maksady bilen atmosfera howasynyň we suw serişdeleriniň hapalanmagynyň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin barlaghana enjamlarynyň, hem-de Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň garamagyndaky edaralaryň ekologiýa barlaghanalary üçin barlaghana esbaplarynyň we himiki reagentleriniň iki tapgyry taslamanyň çäklerinde satyn alyndy we üpjün edildi. Aşgabatda we Awazada atmosfera howasynyň we suw desgalarynyň hapalanmagynyň ýagdaýyna ekologiýa gözegçiligi ulgamynyň işini kämilleşdirmek barada  maksatnamanyň taslamasyny taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar.

Durnuklylyga tarap nobatdaky ädim hökmünde “Galyndylar hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna degişli kadalaşdyryjy tehniki resminamalarynyň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi Taslamanyň çäklerinde  taýýarlanyp başlanyldy, şeýle-hem galyndylary dolandyrmak barada Türkmenistanyň Milli Strategiýasynyň taslamasynyň işlenip taýýarlanylmagyna ýardam berilýär.

Tejribesini paýlaşmak hem-de gazanylan netijeleriň gerimini giňeltmek maksady bilen, taslamanyň hünärmenleri tarapyndanm, taslamanyň esasy milli hyzmatdaşlary: Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak, Energetika, Gurluşyk we binagärlik ministrlikleri, Aşgabat we Türkmenbaşy şäherleriniň häkimlikleri, “Türkmenawtoulaglary” Agentligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bilen yzygiderli hyzmatdaşlygy dowam edýärler. Bu hyzmatdaşlyk maslahatlary, okuw türgenleşiklerini, seminarlary geçirmek, hem-de iş toparlaryny döretmek arkaly amala aşyrylýar.

BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň ähli mümkin bolan ekologiýa çärelerine işjeň gatnaşýar, aýratyn hem plastik, aýna we kagyz galyndylaryny ýygnamak boýunça üstünlikli tejribesi aýratyn bellärliklidir. Bu ýerde galyndylaryň döredilmeýän ulgamyna däl-de, energiýa beriji çig malyň emele gelýän ulgamyny kemala getirmek mümkinçiligi tapawutlandyrylýar.

2019-njy we 2020-nji ýyllarda BMG-niň Ösüş Maksatnamasy tarapyndan plastik galyndylaryny ýygnamak boýunça çäreleriň birnäçesi durmuşa geçirilýär. Taslamanyň hyzmatdaşy – Türkmenistanyň Tebigy goramak jemgyýeti bilen bilelikde, galyndylary gelip çykyşy boýunça seljermek babatyndaky başarnyklary özleşdirmek we gaýtadan işlenýän önümleriň möçberini artdyrmak maksady bilen ilat arasynda galyndylary ýygnamak boýunça çäreler ýaýbaňlandyryldy. Çäreleriň birinji tapgyrynyň başlanan pursadynda diňe plastik ýygnanmaga degişlidi, häzirki wagtda ikinji tapgyryň çäklerinde plastik, aýna we kagyz galyndylary ýygnalýar.

Ýeri, biz durnukly şähere ýakynlaşmak üçin näme edip bileris?

Munuň üçin degişli tagallalary etmeli, perwaýsyz bolmaly däl we daş töweregimizdäki zatlardan rejeli peýdalanmaly. Özüňde, öz çagalaryňda we ýakynlaryňda geljegi nazarlaýan peýdaly endikleri kemala getirmeli: elektrik energiýasyny tygşytlamaly, energiýany az mukdarda sarp edýän enjamlary satyn almaly, suwdan tygşytly peýdalanmaly, galyndylary sortlap başlamaly we gaýtadan işlemek üçin tabşyrmaly, öýlerde daşky gurşawa edilýän zyýanly täsiri azaltmaga mümkinçilik berýän energiýa taýdan netijeli tehnologiýalary ulanmaly.

Sözümiziň ahyrynda BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň işiniň häzirki zaman “ýaşyl tejribeleriň” her bir hojalykda, her bir öýde ornaşdyrylmagyna, ulanylmagyna ýardam berilmegine gönükdirilendigini hem-de BMG-niň Ösüş Maksatnamasy bilen Türkmenistanyň Hökümetiniň arasynda, Türkmenistanyň şäherleriniň durnukly ösdürilmegine ýardam berjek täze maksatnamalary, strategiýalary işläp taýýarlamak we gazanylan tejribeleri giň gerimde durmuşa ornaşdyrmak boýunça  özara hyzmatdaşlyk mundan beýläk hem dowam ediler.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar