Soňky habarlar

Arhiw

Dag tebigatynyň gözelliklerini synlasyňyz gelýärmi?

0
2466

Arassa dag howasy we ajaýyp dag tebigaty her bir adamyň saglygyny berkitmäge şeýle-de gözýetiminiň giňemegine uly goşant goşýar. Şeýle ajaýyplyklary synlamak  üçin gözel ýerleriň biri hem Köpetdagy etekläp oturan “Türkmenbaşynyň asma ýoludyr”.

Asma ýoly 2006-njy ýylda “Buig Batiman Internasional” fransuz kompaniýasy tarapyndan gurulyp ulanylmaga berildi. Asma ýolunyň umumy meýdany 2000 inedördül metr bolup, bu ýere gelýänlere ýörite restoran, kafe we dükanlar  hyzmat edýär.  

Asma ulgamynda  jemi 17 sany  kejebe bolup, 14 kejebe müşderilere hyzmat etmek üçin, 3 sany kejebe bolsa ýörite myhmanlar üçin niýetlenendir. Müşderilere hyzmat edýän 1 kejebäniň ýük göterijilik ukyby 640 kg deň bolup, ol  8 adam üçin  niýetlendir.

Asma ulgamynyň geçirijilik ukyplylygy sagatda 320 adam bolup, ulgamyň uly tizligi 6 metr sekunda, pes tizligi bolsa 2,0 metr sekunda ýetýär. Bu ýerde oturdylan enjamlar Fransiýanyň “POMA” kompaniýasynyň önümi bolup, häzirki zaman we ýokary tehnologiýaly desgalaryň hataryna girýär.

Bu ýere gelýän adamlar ýylyň islendik paslynda tebigatyň gözelliklerini synlamaga mümkinçilik gazanýarlar. Mysal üçin, ýaz we tomus paslynda, dürli ýabany haýwanlary şeýle-de birnäçe dermanlyk ösümliklerini synlap bilerler. 

Gyş paslynda bolsa Köpetdaga ýagan ak gary synlap, gözel görnüşleri ýadygärlik surata düşürip bilersiňiz!

Giriş peteginiň nyrhy: 

  • 3-12 ýaşa çenli çagalara - 5 manat;
  • uly ýaşly adamlara - 10 manat; 
  •  daşary ýurt raýatlar üçin 5 $ (ABŞ) dollary.

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar