Soňky habarlar

Arhiw

“Türkmenportalyň” poçtasyna yzygiderli gelip gowuşýan soraglara jogap

0
34022

“Türkmenportal” saýtymyzda çap edilýän makalalar boýunça elektron poçtamyza okyjylarymyz tarapyndan yzygiderli gyzykly soraglar gelip gowuşýar. Makalamyzyň bu gezekki sanynda, berlen soraglara jogap taýýarlap, ony okyjylarymyz bilen paýlaşmagy makul bildik.

Şeýle-de, çap edilýän makalalarymyzyň islendigi boýunça gyzyklanýan soraglaryňyzy, pikirleriňizi we teklipleriňizi info@turkmenportal.com elektron poçtamyza ýollap bilýändigiňizi ýatladýarys.

1. Öýe internet birikdirjek bolýaryn. Nädip birikdirmeli?

Öýüňize internet birikdirmek üçin Aşgabat şäherinde “AŞTU” ÝGPJ-niň ýa-da “Türkmentelekom” EAK-yň, welaýat we etraplarda bolsa “Türkmentelekom” EAK-yň welaýat şahamçalarynyň müşderiler bilen işleýän merkezlerine baryp arza ýazmaly. Arza ýazmazyňyzdan ozal, degişli enjamlary satyn almaly (“Wi-Fi” router, ADSL splitter we ş.m.). Internet nyrhlary bilen ady agzalan edaralaryň resmi internet saýtlarynda ýa-da müşderiler bilen işleýän merkezlerinde tanyşyp bilersiňiz. Bu barada giňişleýin makala ýazypdyk.

2. Öýdäki “Wi-Fi” internetim haýal işleýär, menden we maşgala agzalarymyzdan başga birileri hem ulanýar öýdýän. Nädip bilmeli?

“Wi-Fi” routeriňize girip, router tarapyndan paýlanýan IP salgylaryň haýsy enjamlara berlendigini görüp bilersiňiz. Eger sanawda siziň we maşgala agzalaryňyzyň ykjam enjamlaryndan we kompýuterlerinden başgalary bar bolsa, diýmek başga biri siziň internetiňizden peýdalanýar. Bu ýagdaýda “Wi-Fi” routeriňiziň goragyny degişli derejede üpjün etmegiňiz maksada laýyk bolar. “Wi-Fi” routeriň goragynyň üpjün edilişi barada makala ýazypdyk.

3. Öýdäki “Wi-Fi” internetime ykjam telefonymdan töleg edip bilerinmi? Nädip?

Hawa, edip bilersiňiz. Öýüňizdäki internet üçin, şeýle hem beýleki görnüşli tölegleri “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary, şeýle hem “TMCell töleg” mobil programma üpjünçiligi we “AŞTU” ÝGPJ-niň şahsy otagy arkaly ýerine ýetirip bilersiňiz. Bular barada hem birnäçe makalalar ýazypdyk.

Bellik: tölegleri ýerine ýetirmek üçin bank kartyňyzyň bolmagy zerur.

4. “Internet-bank”, “Mobil-bank” hyzmatlaryny açdyrmakçy welin, SMS habar hyzmatyny hem birikdirmek zerurlygy barmy?

Elbetde, bar. Sebäbi, “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlary arkaly ýerine ýetirilýän amallar boýunça ykjam telefonyňyza tassyklaýjy SMS iberilýär. Diňe siziň tassyklamagyňyzdan soňra, degişli amallar ýerine ýetiriler.

5. Internet arkaly uçuş, otly, awtobus peteklerini satyn almakçy. CVC kod soralýar, meniň kartymda bolsa ýazylmadyk. Nireden we nädip bilmeli?

CVC kod barada makala ýazypdyk. Makaladaky ädimleriň üsti bilen kartyňyzyň CVC koduny bilip bilersiňiz. Soňky çykarylýan kartlarda bolsa arkasynda CVC kody ýazylgy bolýar.

6. Internetiň üsti bilen bildiriş hökmünde harytlary nirede tiz satyp bilerin? Şeýle-de, amatly bahadan zerur harytlary nireden tapyp bilerin?

Internetde şeýle hyzmatlary hödürleýän birnäçe saýtlar we programma üpjünçilikleri bar. Olaryň ählisi hem meşhur, bäsdeşlige ukyply. Emma has netijeli ýerler häzirki wagtda “Tmcars” we “Nesip etsin” mobil programma üpjünçilikleri hasaplanýar. Olar barada makalalar ýazypdyk. “Tmcars” we “Nesip etsin”-iň üsti bilen harytlaryňyzy tiz satyp we amatly bahadan haryt satyn alyp bilersiňiz.

7. Internetde köp ýerlerde hasap açmak üçin, saýta agza bolmak üçin elektron poçta soralýar. Elektron poçtam ýok, nädip açyp bolýar?

Häzirki döwürde elektron poçtanyň zerurlygy örän möhümdir. Öýüňiziň salgysy bar bolşy ýaly, elektron poçtaňyz hem siziň şahsy salgyňyz diýsek bolar. Bu barada giňişleýin makala ýazypdyk.

8. “Internet-bank” we “Mobil-bank” hyzmatlaryndan peýdalanamda töleg çeklerimi nireden alyp bilerin?

Bu hyzmatlardan peýdalanýan bolsaňyz, ulgamyň içinde ýerine ýetirilen ähli tölegleriň taryhyny “Tölegler-Taryh” menýusyndan görüp bolýar.

9. “Türkmenportal” döwlet web saýtymy ýa-da hususy web saýt?

“Türkmenportal” – hususy web saýt bolup, ol “Takyk çeşme” hojalyk jemgyýetine degişli. Saýtymyzyň ofisi “Gurtly” ýaşaýyş massiwinde ýerleşýär. Bize info@turkmenportal.com elektron poçtasyna hat iberip ýüz tutup bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar