Soňky habarlar

Arhiw

Internetde elektron poçtany (e-mail) nädip açmaly

0
57645

Elektron poçta ýa-da “e-mail” – bu adaty poçtanyň elektron görnüşi. Elektron poçtanyň adaty poçtadan ýeke-täk tapawudy – onuň elektron tory arkaly işlemegi. Makalamyzda internet elektron poçtasynyň açylyşynyň ädimleri barada gürrüň bereris. Ilki bilen, elektron poçtanyň mümkinçilikleri barada gysgaça nygtap geçeliň.

Internet elektron poçtasynyň kömegi bilen elektron poçtasy bar bolan adamlara, guramalara, edaralara, kärhanalara elektron hatlar, goşundy faýllar iberip we kabul edip bolýar. Elektron poçtadan göwrümi uly bolan faýllary iberip bolmaýar, iberiljek faýllaryň göwrümi çäklendirilendir.

Elektron poçta gündelik durmuşymyzda dürli ýerlerde ulanylýar: web saýtlarda hasap açmak üçin, ulgama girmek üçin, web saýt tarapyndan elektron poçta iberilýän tassyklaýjy kody girizmek üçin, hasaby elektron poçta baglamak üçin we ş.m. Mundan başga-da, dürli sowalnamalar doldurylanda olaryň aglaba böleginde elektron poçta soralýar. Tehnologiýalaryň barha ösýän döwründe elektron poçtany ulanmaklyk maksada laýyk hasaplanylýar.

Elektron poçtany nädip açmaly?

1. Ilki bilen, elektron poçtanyň açyljak web saýtyny (domenini) kesgitlemeli. Elektron poçta açylanda belli bir web saýtdan açylýar. Mysal üçin, iň uly we meşhur poçta hyzmatyny berýän web saýtlar: Gmail, Mail.ru, Rambler.ru.

Elektron poçtanyň ady iki bölekden ybarat, olary “@” simwoly bölýär. “@” simwolyndan öňdäki ýazgy – bu poçtanyň ady, ýagny logini, “@” simwolyndan soňraky ýazgy – bu poçtanyň açylan web saýty, domeni. Meselem: ata@example.com – bu ýerde “ata” – poçtanyň ady, ýagny login bolup durýar, “example.com” bolsa poçtanyň açylan web saýty, ýagny domeni bolup durýar. Internetde elektron poçta hyzmatyny hödürleýän ýüzlerçe web saýtlar bar. 

2. Degişli saýta girip, täze elektron poçtasyny açmak (hasaba almak) diýen düwmä basyň.

3. Sowalnama açylar we ony doldurmagyňyz soralar.

4. Sowalnamany dogry tertipde dolduryň. Sowalnamada şahsy maglumatlaryňyz soralar: adyňyz, familiýaňyz, elektron poçta üçin login (poçta goýuljak at) we parolyňyz, doglan senäňiz, ýaşaýan ýeriňiz we ş.m. Şeýle hem, sowalnamalaryň köpüsinde mobil telefon belgiňiz hem soralýar. Eger mobil telefon belgiňizi girizseňiz, elektron poçtaňyzyň parolyny ýitiren wagtyňyzda ony mobil telefonyňyza tassyklaýjy SMS iberilmegi arkaly açyp bolýar. 

5. Sowalnamany dolduranyňyzdan soňra, “taýýar” (OK) düwmesine basyň we netijede elektron poçtaňyz taýýar bolar. Elektron poçtaňyza girip barlap görüň.

Habarlaşmak üçin: info@turkmenportal.com 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar