Soňky habarlar

Arhiw

“TMCARS” mobil programma üpjünçiligi

2
292004

Geçen makalamyzda awtoulagy tiz satmak boýunça birnäçe maslahatlar beripdik. Şol maslahatlaryň biri hem awtoulagy internetiň üsti bilen satmakdy.

Makalamyzyň bu gezekki sanynda “TMCARS” barada has giňişleýin gürrüň bermegi makul bildik.

“TMCARS” programmanyň esasy maksady – awtoulag satmak we satyn almakda ulanyjylara ýardam bermek.

Şeýle-hem, bu programmada ulag bildirişlerinden başga-da beýlekiler hem bardyr.

Şu makalanyň ýazylan döwründe “TMCARS” programma üpjünçiligi öz ugrunda öňdebaryjylygy eýeleýär we häzirki wagtda programma meşhur we iň köp ulanyjy sanly programma hasaplanylýar.

 

“TMCARS” programmasy barada ulanyjylar şeýle diýýär:

Oraz: 

Maşynymy ilkinji gün satlyga goýdum welin, derrew satdym. Haýran galdym.

 

Ahmet:

“TMCARS” programmasyna ulagymy satlyga çykardym welin, 1-nji gün eýýäm on adamdan köp ulagymy sorap jaň etdiler. 

 

Myrat:

“TMCARS” programmasy barada dostumdan eşitdim, dessine “playmarket”-den aldym. Özüme şu wagt ulag gözleýärin. Megerem, “TMCARS”programmasy bu babatda iň edil şu wagt ulanmasy ýeňil we amatly programmalaryň biri bolaýmasa!

 

Playmarket-de seslenmeleriniň ortaça sany (5-den 4,7)- bu bolsa gaty gowy görkeziji bolup durýar: 

“TMCARS” nirden almaly?

“TMCARS” mobil programma üpjünçiligini şu salgylardan Android we IOS üçin mugt alyp bilersiňiz.

Programmany mobil telefonyňyza ýükläp ony açanyňyzda, ilki bada size Baş sahypa görüner.  Baş sahypa 3 bölümden ybarat: “Awtoulaglar”, “Awtoşaýlar” we “Beýleki bildirişler”.

Biz bu makalamyzda “Awtoulaglar” barada gürrüň bereris.


Nädip ulanmaly?

“TMCARS” programmasynda diňe awtoulag üçin ýokarky çep gapdalda menýu düwmesi ýerleşdirilen. Menýu düwmesine basyp, programmanyň ähli mümkinçilikleri bilen tanyşyp bilersiňiz. Şeýle hem, menýuda jemi agza we jemi bildirişleriň sanyny görüp bilersiňiz.

  

Programmada awtoulaglar bölümi 3 bölümden ybarat: “Hemmesi”, “Saýlanan” we “Marka”. 

Awtoulaglar bölümine gireniňizden soň, “Hemmesi” bölümi açylar we sanaw görnüşde iň soňky goýlan (bildiriş hökmünde ýerleşdirilen) awtoulaglar çykar.

Her goýlan awtoulag ady, öndürilen ýyly, bahasy, suratlary, kredite ýa-da obmenedegişlimi ýaly zerur häsiýetnamalary bilen ýerleşdirilendir. Giňişleýin maglumaty görmek üçin awtoulaga bir gezek basmak ýeterli.

  

Mundan başga-da, awtoulagyň giňişleýin maglumatynda bu bildirişi gören ulanyjylaryň sany, bildirişiň goýlan senesi, bildirişiň eýesi bilen habarlaşmak üçin telefon belgisi ýaly mümkinçilikleri hem bardyr.

Ulanyjylara awtoulagy gözlemekde ýeňillik döretmek maksady bilen, “Marka” bölüminde awtoulaglaryň ähli markalary we olara degişlilikde häzirki wagtdaky bildirişleriň sany görkezilen.

“Saýlanan” bölüminde ulanyjylar üçin wajyp bolan gözleg filtrleri ýerleşdirilen, meselem: täze ýeňil awtoulaglar – ýyly täze bolan awtoulaglar, amatly we kredite bolýan – bahasy arzan we kredite bolýan awtoulaglar. Bu agzalan gözleg filtrleri adaty gözleg bolup durýar. 

 

Giňişleýin gözleg ulanmak - Gaty peýdaly we awto ulag gözlemekde wagtyňy tygşytlaýan ýeňillik!

Giňişleýin gözleg ulanmak hem göz öňünde tutulan.

Programmada giňişleýin gözlegden peýdalanmak üçin “Awtoulaglar”, “Hemmesi” bölüminde ýerleşýän ýokarky setiriň sag gapdalyndaky gözleg lupa   düwmejigine basmaly.

Bu gözlegde özüňize gerek awtoulagyň markasy, modeli, ýyly, reňki, bahasy, ýerleşýän ýeri, kredit/obmen ýaly dürli peýdaly filtrler boýunça gözleg edip bilersiňiz.

Mysal üçin, Toyota Corolla, 2011-2015 ýyllar aralygynda, reňki diňe ak, bahasy 30000 – 50000 manat aralykda, kredit we obmene bolýan awtoulaglary gözleýän bolsaňyz, şol häsiýetnamaly ähli bildirişleri saýlap bolýar.

Ady agzalan häsiýetnamalary dolduranyňyzdan soňra, girizen häsiýetnamalaryňyza laýyk näçe awtoulagyň  (bildirişiň) bardygy çykýar, bildirişler sanyna basyp, gözlän awtoulaglaryňyzyň sanawyny çykarmak bolar.

Gözlegiň netijesini aýyryp, adaty sahypa, ýagny “Hemmesi” sahypasyna geçmek üçin setirdäki X düwmejigine basmaly.

 

Ulagy “TMCARS” programmasyna nädip satlyga çykarmaly?

Awtoulagyňyzy programmada satlyga çykarmak üçin menýuda “Bildiriş goşmak”, “Bildirişlerim” düwmelerinden soň “+” düwmesine basmaly.

Bu düwmäni basanyňyzdan soňra, “Awtoulag goşmak” penjiresi açylar we zerur setirleri doldurmagyňyzy talap eder. Bularyň ählisini doldurmak we bildiriş bermekçi awtoulagyňyzyň suratyny goşmak şertdir.

Eger siz birnäçe surat goşsaňyz, ilkinji goşan suratyňyz awtoulagyňyzyň esasy suraty bolar, ýagny baş sahypada esasy surat görüner. Surat goşanyňyzda ony kesip, kebşirläp bilmegiňiz hem göz öňünde tutulan. Zerur setirleri dolduryp, suratlary goşup we telefon belgiňizi hem ýazyp bolanyňyzdan soň, “Bildiriş goş” düwmesine basmaly. 

Bildirişiň aşagynda “Garaşylýar” ýazgy emele geler. Bu diýmek – administrator bildirişiňizi makullaýança şol ýazgyda durar.

Eger administrator bildirişiňizi makullasa, onda bildiriş goşular we “Goýuldy” ýazgy emele geler, eger administrator bildirişi kabul etmese “Kabul edilmedi” ýazgysy emele geler we içine girip sebäbini okap bilersiňiz.

Bildiriş goşanyňyzda ilki bilen goşjak suratlaryňyza üns bermeli. Suratlaryň sany 2-den az bolmaly däl we hili hem ýokary bolmaly. Sebäbi müşderiniň iň täsirlenjek zady – awtoulagyň suratlary. Awtoulagyň markasy we modeli anyk bolmaly, eger şol marka ýa-da model programmada ýok bolsa, administrator bilen habarlaşyp, ony programma goşduryp bilersiňiz.  Şeýle-de, awtoulagyň ähli häsiýetnamalary görkezilse maksada laýyk bolar.

 

VIP status näme?

VIP statusly awtoulaglaryň tiz satylmak mümkinçiligi ýokarydyr. VIP statusly awtoulaglar 3 günüň dowamynda esasy sanawyň başynda ýerleşýär hem-de baş sahypada görünýär. 

Bildirişiňize VIP status almak üçin azyndan 3 surat goşmaly: awtoulagyň salonynyň içi, awtoulagyň yzyndan we öňünden alnan, ýokary hilli suratlar bolmaly. Bildiriş goşanyňyzdan soň “Habarlaşmak” bölümine girip, administratora VIP status gerek diýip ýazmaly.

 

Eger awtoulagyňyz satylsa...

Programma arkaly awtoulagyňyz satylsa, bildirişiňizi pozup, “satyldy” ýazgyny saýlap bilersiňiz. Programmanyň ýene-de amatly tarapy: bellik we teklipleriňiz bolsa administrator bilen islendik wagt habarlaşyp bilersiňiz.

 

Netijede, “TMCARS” mobil programma üpjünçiliginiň artykmaçlyklar we kemçiliklerini jemlesek:

Artykmaçlyklary

  • Mobil telefonlar üçin niýetlenen bolmagy
  • Bildiriş ýerleşdirmek mugt
  • Hem Android, hem IOS üçin niýetlen bolmagy
  • Administratora ýüz tutmak we jogap almak mümkinçiligi
  • Meşhur bolmagy, ulanyjylarynyň sany köp bolmagy - goýlan bildirişleriň netijeli bolmagy
  • Örän kän bildiriş we ulanyjylarynyň bolmagyna garamazdan programmanyň örän çalt işlemegi
  • Örän amatly gözleg filtrleriň bolmagy, gerek bildirişi tiz we aňsatlyk bilen tapyp bolmagy
  • Täze goşulan bilidişleriň sanynyň görnüp durmagy.

Kemçilikleri

Ynanyň, biziň özümiz hem bu  programmany ulanýarys we şu wagta çenli kemçilik tapmadyk. Belki sizde bardyr? Şeýle bolsa, bize ugradyň: info@turkmenportal.com, biz hem okyjylarymyz bilen we programmanyň awtorlary bilen paýlaşaly.

 

Söwdaňyz bolsun!

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar