Soňky habarlar

Arhiw

Awtoulagyňyzy nädip tiz satmaly

1
118150

Portalymyzyň okyjylarynyň arasynda awtoulagyny (mundan beýläk - ulag) çalt çalyşýanlar bardygyny bilip, olardan beýle aňsatlyk bilen we nädip tiz satýandygy barada tilsimleri bilen paýlaşmagyny soradyk we şol tilsimleri siz – okyjylarymyza ýetirmegi makul bildik.

Ulagyňyzy nädip tiz satmaly? Okaň we peýdalanyň.

 

Satmagyň maksady

Ilki bilen näme üçin, ýagny “Näme üçin?”, ýagny haýsy maksat bilen satmak isleýändigiňize anyk jogap tapyň, sebäbi bu müşderiniň ilkinji berjek soragydyr. Mysal üçin, muny satyp, täze ulag satyn almak, gyssagly pul gerekligi sebäpli, ulagy ulanmaga zerurlygynyň ýoklugy sebäpli we ş.m.

 

Ulagyň bahasy

Ulagyňyzy haýsy maksat bilen satmak isleýändigiňizi kesgitläniňizden soňra, ony haýsy bahadan satmak isleýändigiňizi hasaplaň. Umuman alanymyzda, ulagyň bahasy şol wagtky bazar bahasy bilen deňräk bolsa gowy we tiz satylar. Emma, baha köp zada görä üýtgäp biler, meselem, ulagyň öndürilen ýylyna, reňkine, geçen ýoluna, abatlylygyna, öndüriji kompaniýasyna, meşhurlygyna görä we ş.m.

 

Ulagyň kuzowyny abatlaň

Ulagyň kuzowy – onuň ýüzi. Müşderi ulagyň bahasyny eşideninden soňra dessine üns berjek ýeri – bu ulagyň daşy, kuzowy. Meselem, ulag daşly ýollardan uly tizlikde köp sürülen bolsa, kuzowda çyzyklar bolar. Garaz, kuzowyň abat bolmagy – ulagyň satylmagynyň esasy ädimleriniň biri. Şu nukdaýnazardan, ulagyňyzy satuwa çykarmazdan ozal kuzowyny abatlajak boluň, zerur bolsa ulag ýalpyldar ýaly kuzowyň reňkini polirowka etdiriň. Eýsem, ýalpyldap duran abatja ulagy kimiň satyn alasy gelmez?

 

Ulagyň salonyny arassalaň

Ulagyň kuzowy onuň ýüzi bolsa, salony – içki dünýäsidir. Salonyň ýagdaýyna görä, ulagyň eýesi ony nähili ulanandygyna göz ýetirmek bolar.

Çalt satmak isleseňiz, salonyň ähli ýerlerini arassalaň, içini şemalladyp howasyny çalşyň, satuwa çykarmazdan birnäçe gün öňünden hoş boý ys beriji goýuň. Zerur bolsa himiki arassalaýyş işlerini geçiriň (içini doly ýuwdurmak). Müşderi ulagyň gapysyny açandan ýakymly ys alsa, ulagyň arassalygyny aňar we arassa salony görse satyn almak höwesi hökman artar.

 

Kapodyň aşagyny arassalaň

Ýönekeýje maslahat bolsa-da, bu ulagy aňsat satmagyň ýene-de bir syry bolup durýar.

Müşderileriň aglaba bölegi satyljak ulagyň kuzowyny we salonyny göreninden soňra, hökman kapodyny açyp görer. Göz öňüne getiriň, kapot açylýar welin, içi tozan we ähli ýeri gara ýag bolup dur.

Beýle ýagdaý döremez ýaly, ulagyňyzy satmazdan öň, kapotyň aşagyny seresapja ýuwuň. Gara plastmas gapaklar we ätiýaçlyk şaýlaryny has-da ýylpyldatjak boluň.

 

Bagažnigiň içini arassalaň

Bagažnigiň içini arassa saklaň. Ulagyň salony arassa bolmagy ýaly, bagažnigi hem arassa bolmaly, artykmaç goşlary aýyryň, çünki müşderiniň açyp barlajak ýerleriniň ýene bir ýeridir. Onuň içine hem hoş boý ys beriji goýmak bolar.

 

Ulagyň satlykdygy barada bildiriş beriň

Ulagy tiz satmak üçin ýene-de bir esasy maslahatymyz – satyn alyjylaryň köp bolan ýerine çykarmak we bildiriş bermek.

 

Ulagy nirä satlyga çykarmaly?

Öňden gelýän we giňden ulanylýan usul - ulagy bazara çykarmak (Meselem, “Altyn asyr” gündogar bazary). Döwrebap tehnologiýalaryň ösmegi netijesinde, soňky döwür internet arkaly ulag satmak has-da meşhur boldy we ähli tarapdan oňaýly boldy. Bu barada giňişleýin aşakda ýazarys.

 

Ulagy internet arkaly satmak

Eger dynç günüňizi bazara ulag satmak maksady bilen sarp edesiňiz gelmese, sowukda-yssyda ulagyň ýanynda durmak islemeseňiz, onda ulagyňyzy internet arkaly satyp bilersiňiz.

 

Häzirki wagtda ulagy internet arkaly köp saýtlaryň üsti bilen satmak we satyn almak bolar. Olaryň köpüsi meşhur we ulanyjylary hem köpdür. Iň meşhur bolanlaryň ikisi barada siz bilen paýlaşmagy makul bildik:

  • Gysga wagtyň içinde örän uly meşhurlyga eýe bolan, ulanmasy örän ýönekeý we ulanyjylary köp bolan, diňe ykjam görnüşi bolan ýeke-täk internet saýt - “TMCARS” mobil programma üpjünçiligi. Ulag satyn almak we satmak üçin “TMCARS” mobil programma üpjünçiliginden peýdalanmagyňyzy maslahat berýäris. Android üçin şu ýerden, IOS üçin şu ýerden alyp bilersiňiz. Bir günde goýulýan bildirişleriň sany iki müňden geçýär. “TMCARS” mobil programma üpjünçiligi barada has giňişleýin indiki makalamyzda gürrüň bereris we onuň ulanyş düzgünleri bilen tanyşdyrarys.
  • Mundan başga-da, internet ulanyjylaryň arasynda ençeme ýyllar içinde öz ynamyny gazanan we 7 ýyldan bäri hyzmat berip gelýän www.turkmenportal.com saýtyndan hem peýdalanmagyňyzy maslahat berýäris. Bildiriş goýmak mugt. Günde goýulýan bildirişleriň sany bir müňden geçýär.

 

Awtoulagyňyzy nädip tiz satmaly soragy boýunça maslahatlarymyzy jemlesek şular ýalydyr:

  1. Haýsy maksat bilen satmak isleýäniňize anyk jogap tapyň
  2. Ulagyň bahasyny belli ediň
  3. Ulagyň kuzowyny abatlaň
  4. Ulagyň salonyny arassalaň
  5. Kapotyň aşagyny arassalaň
  6. Bagažnigiň içini arassalaň
  7. Bazara satlyga çykaryň
  8. Internetde bildiriş ýerleşdiriň

 

 

 

Söwdaňyz şowly bolsun!

Soraglaryňyz bolsa bize ýazyň: info@turkmenportal.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar