Telekeçilik işine nädip başlamaly?

0
15733
Telekeçilik işine nädip başlamaly?

Telekeçilik näme? Nädip telekeçi bolmaly? Telekeçiligi nähili resmileşdirmeli? Bu soraglara jogap bermek üçin size bu makalany hödürleýäris.

Telekeçilik näme ?

Telekeçilik düşünjesi, Telekeçilik işi hakynda Türkmenistanyň kanunynyň 1 – nji maddasynda aýdyňlaşdyrylýar,

Telekeçilik (hususy iş başyny tutujylyk) – munuň özi raýatlaryň peýda ýa-da girdeji almaga gönükdirilen, öz adyndan hemem töwekgelçilik edip we emläk jogapkärçiligini öz üstüne almaklykdyr.

Bu işiň iň esasy kem tarapy töwekgelçiligiň bolmasy, çünki her bir başlangyç şowlulyk bilen gutarmazlygy mümkin.Üstünlik gazanan telekeçileriň köpüsi işini azdan başlaýar ýa-da ulydan başlaýanlary hem bar. Iki ýagdaýda hem bir meňzeşlik görüp bolar, bu bolsa belli bir niýetlenen işiň bolmagy.

Telekeçilik işine ukybyňyzyň bardygyny ýa-da ýokdugyny bilmek üçin, size bir million manat berilse puly nämä sowardyňyz? diýen soraga on minudyň içinde jogap tapjak boluň.

Dünýä statistikasy boýunça, uly möçberde lotereý utan ýa-da ummansyz mirasdüşerlige eýe bolan köp adamlar, bar pulyny 5 ýylyň içinde gymmat bahaly jaýlar, awtoulaglar satyn alyp ýa-da hasapsyz harçlap hemme pulyny sowýarlar, käbiri bolsa bergili hem bolup galýar.

Telekeçilige başlamak isleýän adamyň iň esasy meselesi gorky. Ilkinji nobatda, gorkyny ýeňmegi başarmaly. Ugurtapyjylyk, oýlanşykly hereket etmek bolsa gerekli häsiýetlerdir.

Telekeçi bolmak üçin näme gerek?

Eger siz telekeçi bolmagy ýüregiňize düwen bolsaňyz, onda siz näme bilen meşgullanjakdygyňyz barada pikir etmeli. Onuň üçin bazardaky alyjylar we haýsy harytlara ýa-da hyzmatlara isleg bardygy barada seljerme geçirmeli.

Başlangyçda az maýa goýum bilen başlamak peýdaly bolar.  Gelejekde bolsa biznesiňiziň dowamly bolmasy üçin, real ykdysadyýete degişli bolan, ýagny önümçilik işini gurnamaklyk esasy bellenmeli nokatlaryň biri. Türkmenistan tiz ösüp barýan ýurtlaryň hatarynda, şonuň üçin hem, ýerli mümkinçilikleri göz öňünde tutyp importyň ornuny tutjak harytlary öndürmek üçin uly potensial bar.

Telekeçilik işini nähili resmileşdirmeli?

Türkmenistanda telekeçilik işini resmileşdirmek 3 sany esasy tapgyrdan ybarat.

  • Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Telekeçilik mekdebinde gysga bolan okuw kursyny tamamlamaly.
  • Ýaşaýan ýeriňiz boýunça etrap salgyt bölüminde hasaba durmaly we işiň görnüşi boýunça patent almaly.
  • Ýaşaýan ýeriňiz boýunça pensiýa gaznasynda hasaba durmaly.

Resmileşdirmek üçin şahsyýetiň pasporty ýeterlikdir. Resmileşdirilenden soňra şahs telekeçi statusyna eýe bolmak bilen onuň işi kanuna laýyk hasaplanýar. Ýöne iş doly tamamlanmaýar, köp täze başlaýan telekeçiler dowamly geçirilmeli işleriň bardygy barada habardar bolmaýarlar.

Mysal, ýerli salgyt bölümlerine hasabat döwürlerinde beýannamalaryň tabşyrylmagy salgyt tölegleriň geçirilmegi babatynda. Telekeçiniň nähili salgytlar we ýygymlar  töleýändigini bilmek üçin siz şu taýda okap bilersiňiz. Edil şonuň ýalyda ýerli pensiýa gaznalara hasabat tabşyrmaklyga, hökmany pensiýa töleglerini amala aşyrmalydygyny ünsünden düşürýärler.

Telekeçilik işini kadalaşdyrýan kanunlar;

Makala siz üçin peýdaly bolandyr diýip umyt edýäris. Täze habarlary we makalalary Türkmenportalda okaň.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar