Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Siz salgytlar barada näme bilýärsiňiz?

0
53628

Bu makalada biz siz bilen maliýe sowatlylygyň bölümi bolan, salgytlar we onuň görnüşleri hem-de göterim derejeleri barada gürrüň ederis. Bir - birinden tapawutly  bolan salgytdan başgada  ýygym, paçlar we gaýry tölegler hem bolýar. Başda salgytlar, ýygymlar  we gaýry tölegler bir-birinden düýpli tapawutlanmaýardylar, ykdysadyýetiň ösmegi bilen, ykdysatçylar salgyt salma ulgamyna ähmiýet berip bulary bir - birinden tapawutlandyrmaly boldylar.

Salgyt näme

Salgyt – döwlet işini maliýe taýdan üpjün etmek maksady bilen, döwlet tarapyndan bellenýän we edara görnüşli we şahsy taraplardan alynýan, Döwlet býujetine gelip gowuşýan hökmany, hususy muzdsyz tölegdir.

Salgyt tölegleriniň girdeji we çykdajy edilişiniň çyzgysy; 

Salgyt we onuň alamatlary

 Salgyt aşakdaky alamatlaryň bolmagy bilen kesgitlenýär:

  • salgyt töleýjileriň topary;
  • salgyt salynýan binýat - ;
  • salgyt özeni;
  • salgyt möçberi (möçberleri);
  • salgydy hasaplamagyň we tölemegiň möhletleri we tertibi.

Salgydyň görnüşleri hemde göterim derejeleri 

Salgytlaryň görnüşleri we göterim derejesiniň çyzgysy

Ýygymlaryň görnüşleri we göterim derejesiniň çyzgysy

 

Salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgyt töleýjiniň hukuklary;

  •  salgyt edarasyndan we salgyt hukuk gatnaşyklaryna gatnaşýan beýleki ygtyýarly edaralardan Türkmenistanyň salgyt kanunçylygyny ulanmak meseleleri boýunça düşündiriş almaga;
  • degişli esaslary bolanda, salgyt ýeňilliklerinden peýdalanmaga ýa-da olary peýdalanmakdan ýüz öwürmäge;
  • özünde geçirilen salgyt barlaglarynyň we ýerinde seretmekligiň netijeleri boýunça ykrarhatlary bilen tanyşmaga we olar boýunça düşündiriş bermäge;
  • salgytlaryň artyk tölenen (töletdirilen) möçberleriniň öz wagtynda başga salgytlar boýunça tölegleriň hasabyna hasaplaşyga alynmagyna ýa-da yzyna gaýtarylmagyna;
  • salgyt syryny berjaý etmegi talap etmäge;
  • salgyt salynýan binýatlary hasaba almakda, salgydy hasaplamakda we tölemekde goýberilen ýalňyşlyklary özbaşdak düzetmäge;

Salgyt kanunçylygynda göz öňünde tutulan salgyt töleýjiniň borçlary;

  •  kanunda bellenen salgytlary tölemäge;
  • salgyt edarasynda hasapda durmaga;
  • salgytlary hasaplamak we tölemek üçin bolan öz girdejileriniň, aýyrmalarynyň (harajatlarynyň, çykdajylarynyň) we salgyt salynýan binýatlarynyň hasabyny bellenen tertipde ýöretmäge
  • salgyt edarasyna bellenen tertipde salgyt beýannamalaryny we maliýe hasabatyny tabşyrmaga
  • salgyt kanunçylygynyň ýüze çykarylan bozulmalaryny düzetmek baradaky talaplaryny ýerine ýetirmäge.

Salgyt beýannamasy

Salgyt beýannamasy salgyt töleýji tarapyndan berilýän we salgydy hasaplamak we (ýa-da) tölemek üçin zerur bolan salgyt hasabaty.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar