Gysgançlyk sebäpli oglanjyk aýaksyz galdy. Getti Grinyň wakasy

0
8660

Tygşytlylyk bilen gysgançlygyň arasynda tapawut barmy? Nähili edip tygşytly bolmaly, ýöne gysganç bolmaly däl ? Her kim bu iki düşünjäniň aratapawudyny bilmeli. Biz, tygşytly bolmakda peýda bar, ýöne gysganç bolmakda peýda ýok-da zyýan bar diýip hasaplaýarys. Gysgançlygy ykdysady taýdan hem seljerseň, onuň ösmäge böwet bolýandygyny görmek bolar. Hemme adamlaryň gysganç bolanyny, hatta özine zerur bolan gerekli zatlary üçin hem çykdajy etmejek bolup her hili ýol gözleýändigini göz öňümize getireliň. Bu ýagdaýda ykdysadyýetiň ösüşine sebäp bolýan dolanyş mehanizm hatardan çykýar.

Ginnesiň rekordlar kitaby boýunça “Dünýäniň iň gysganç adamsy” diýilip Getti Grin ýazylan.

1916 – njy ýylda dünýäniň iň baý we gysganç aýaly hökminde tanalan Getti Grin 1835 - nji ýylda Massaçusets ştatynyň, Nýu – Bedford şäherinde dogulýar. Onyň maşgalasy läheň balyklary awlamak we olary Hytaýa satmak bilen meşgullanypdyr. Iki ýaşyndan Getti atasynyň öýünde terbiýelenip başlanýar. Ol Alty ýaşyndan başlap söwda-satyk we maliýe bilen meşgullanýar. Gettiniň 13 ýaşy dolanda maşgalasynyň buhgalteri bolýar. 15 ýaşynda bolsa Boston şäherinde mekdepde okuwa başlaýar. 1864-nji ýylda Kakasynyň aradan çykmagy bilen Getti 7.5 million ABŞ dollarynyň miras düşeri bolýar bu möçber şu günki ölçeg bilen 107 million bolýar.

33 ýaşynda durmuşa çykýar. Toýdan öň ýoldaşyna aýylynyň baýlygyndan boýun gaçyrýandygy hakyndaky kepil hatyny alýar. Olaryň Ned we Silwiýa atly çagalary dogulýar.

'Gyzy bilen'

Getti maýa goýum, gozgalýan we gozgalmaýan emläklerleriň satuwy we karzdarlyk işi bilen meşgullanýar. Hatda ýerli häkimýetler hem gytçylyk döwürlerinde bundan karz alýan ýerleri hem bolupdyr. Getti Griniň gysgançlygy barada her - hili wakalar bar . Ol hiç haçan ýyladyjy enjamlary we ýyly suw ulanmandyr. Ol öziniň bir sany gara köýnegini çykarman geýýärdi. Ulag serişdesi hökminde diňe köne awtoulaglary ulanýan ekeni. Iň arzan restoranlarda naharlanyp, 15 sentlik kökelerden iýmitlenipdir. Bir waka görä ol 2 sentlik markany ýarym gije gözländigi barada aýdylýar. Öýiň süpürjisne sabyn tygşytlamak üçin ýuwýan eşikleriniň diňe hapa ýerlerini ýuwmagy tbaşyrýan ekeni. Ol ýerli dükandan özi üçin bahasy arzan bolan döwük kökeleri we Dewi atly gowy görýän güjügi üçin süňk satyn alýan ekeni. Işgärleriniň aýtmagyna görä ol ofisiň peçinde gyzdyrylan süle ýarmasy bilen iýmitlenipdir.

Iň elhenç wakalaryň biri hem, onyň ogly Ned aýagyny döwdirende bolup geçýär. Ol öz oglunyň bejergisi üçin lukmanlara pul tölemejek bolup, garyp – gasarlar üçin niýetlenen mugt klinika ýüz tutypdyr. Netijede keseli ötişip çaganyň aýagyny amputirläp protez geýdirmeli bolupdyrlar.

'Ogly Ned'

Getti Grin 1916 – njy ýylda, 81 ýaşynda Nýu - Ýork şäherinde aradan çykýar. Onyň yzynda galdyran mirasy 100-200 million ABŞ dollardan ybarat bolup, şu günki möçberinde 2.1-4.3 milliard ABŞ dollaryna barabar hasaplanýar. Bu möçber ony soňky ýyllaryň iň baý aýallaryň biri edýär.      

------------------------------------------------

Tygşytlylyk bilen gysgançlyga nähili garaýaňyz, bularyň arasynda tapawut barmy?  Eger, bu mowzuk size gyzykly bolan bolsa bular barada biziň redaksiýamyza ýazyp bilersiňiz.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar