Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

"Türkmentelekom”-yň hödürleýän internet hyzmatlary üçin tölegler bank kartlaryndan kabul edilýär

0
106300

“Türkmentelekom” DEAK-yň hödürleýän internet hyzmatlary üçin bank kartlary arkaly bankomatlaryň üsti bilen, şeýle-de internet banking we mobil banking hyzmatlary arkaly nagt däl görnüşinde tölemek mümkinçiligiň döredilendigi barada www.online.tm web saýtynda bellenilýär.

Her müşderä 7 belgiden ybarat şahsy töleg kody berilýär, şol kod arkaly ýokarda agzalan usullar bilen “Türkmentelekom” DEAK-yň internet hyzmatlary üçin tölegleri nagt däl görnüşinde geçirip bolýar. “Töleg kody” her müşderiniň şahsy otagynda (billing ulgamynda) görkezilen. Şahsy otaga girmek üçin şu salgy boýunça geçmek bolar: http://billing.telecom.tm/client2/index.php?r=site/login

Umuman aýdylanda, nagt däl görnüşde “Türkmentelekom”-yň internet hyzmatlary üçin bankomat we terminal arkaly, şeýle hem internet banking we mobil banking hyzmatlary arkaly töläp bolýar.

Bu usullaryň ählisi hem amatlydyr. Bulardan internet banking we mobil bankingi aýratyn belläp geçsek maksada laýyk bolar. Internet banking ýa-da mobil banking arkaly internet hyzmatlary üçin töleg etmekligiň amatly taraplary: oturan ýeriňde, günüň islendik wagtynda (7/24), öýden çykman, ygtybarly we tiz töläp bilmek mümkinçilikleri.

Şeýle döredilýän mümkinçilikler ýurdumyzda nagt däl hasaplaşyklary ösdürmek boýunça alnyp barylýan işleriň ýene-de bir subutnamasy bolup durýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar