Soňky habarlar

Arhiw

Yhlasdan dörän goraghana

0
2435

Bag ekmegiň sogaply işdigi hakynda aýdylanlary ýatlap çykmaly bolsa, olaryň ençeme jiltlik kitap boljakdygy hakynda oýlanyp gördüňizmi? Bu mesele hemişe ýörgünli bolmagynda galýar. Mundan birnäçe ýüz ýyl öňem, häzirem daşky gurşawy goramak, tebigatyň başky durkunda galmagyny üpjün etmek boýunça dünýä döwletlerinde yzygiderli alada edilýär. Şonuň netijesinde şäherlerde, etraplarda, obalarda “ýaşyl zolaklar”, ýagny baglyklar, gülzarlyklar döredilýär.

Hindistanyň Assam ştatynyň ýaşaýjysy Jadaw Paýeng hem bu sogaply işe goşandyny goşup, adyny dillere sen etdiren adam. Dogrusy, ol muny ilkibaşda ady-abraýy üçin etmändir. Onuň bu haýyrly işe ulaşmagyna tebigy hadysa sebäp bolupdyr. Güýçli çabgadan soň gelen silden soňra töwerek-daşda dişiňi synçgar ýaly ot-çöp bolmansoň, mal-garanyň sany azalmak bilen bolupdyr. Bu ýagdaýa biperwaý garap bilmedik 16 ýaşly Jadaw Paýeng goluny çyzgap işe girişipdir. Şol wagt senenamada 1979-njy ýyl dowam edýän eken.

Ýetginjek ýigit ilki bu işi özbaşdak başarmaryn öýdüp bilermenlere ýüz tutupdyr. Emma olardan tamasy çykmandyr. Degişli ugurda telim sapar çaý sowadan hünärmenler derýanyň kenarynda ot-çöp bitmejekdigini aýdypdyrlar. Onuň özüne bolsa boşuna azap siňdirmezligi maslahat beripdirler. Ýöne bu ýagdaý onuň elini işden sowatmandyr. Iň esasy bolsa, Jadawyň eken bambuklarynyň 20-si hem boý alyp, ýaşyl öwsüp başlapdyr.

Ýetginjek ýigidiň yhlasyndan dörän ilkinji daragtlar birnäçe aý mundan ozal ony raýyndan gaýtarmaga çalşan bilermenleri oýlandyrypdyr. Olar Jadaw Paýeng başlan sogaply işiniň bütin sebitiň ekologiýasy üçin bähbitlidigini döwlet ýolbaşçylaryna düşündiripdirler. Şeýlelikde, agzybirlik bilen başyna barlan bu işiň – bag ekmek çäresiniň netijesinde 6 inedördül kilometr meýdanda sözüň doly manysyndaky goraghana döräpdir.

Jadaw Paýeng tagallasy bilen dörän bu tokaýlykda dürli daragtlaryň we ösümlikleriň 1000-den gowrak görnüşi ösýär. Haýwanlaryň hem onlarça görnüşi ol ýerde mekan tutunypdyr. Ol hatda gaplaňlaryň, pilleriň we kerkleriň hem ýygy-ýygydan gabat gelýändigini hasaba alypdyrlar. Ekologiýa boýunça hünärmenler indi bu ýere gelip, onuň haýwanat we ösümlik dünýäsini öwrenmek bilen meşgullanýarlar. Bu tokaýyň döremegine sebäp bolan Jadaw Paýeng bolsa durmuşyny başga ýerde göz öňüne getirip bilmeýär eken. Şonuň üçin ýaşy 60-a ser uran bu ynsan tokaýyň içinden kepbe gurnup, şol ýerde ýaşaýar. Ol goraghana öwrülen tokaýyň ähli ýaşaýjylaryny gözegçilikde saklaýar.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar