Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebinde Magtymgulynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp aýdym-sazly konsert geçirildi

0
790

Berkarar döwletiň täze eýýämynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň , Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdymyzda milli mirasymyza, edebiýatymyza sarpa bimöçberdir. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýip atlandyrylan şanly ýylymyzda akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanan dabaralar giň gerime eýe bolýar. Ýakynda Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymlary  Şeker Allabaýewanyň we Aýjemal Öwezdurdyýewanyň   taýýarlamagynda “Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen Mary etrabynyň medeniýet öýünde edebi, aýdym-sazly konsert geçirildi. Konserti mekdebimiziň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň mugallymy  Aýjemal Öwezdurdyýewa alyp bardy. Akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini okuwçylara ürç edip öwretmek, öwüt-nesihat, edep-terbiýe bilen baglanyşykly şygyrlaryny aýdym edip aýtmak we  watançylyk duýgularyny ösdürmek maksady bilen geçirilen bu edebi, aýdym-sazly konsert akyldar şahyryň doglan ýeri, ýaşap geçen döwri bilen baglanyşykly mekdebiň mugallymy Şeker Allabaýewanyň gürrüňi  bilen başlandy. Magtymguly Pyragynyň şygyrlary türkmen bagşyçylyk sungatynda wajyp orun eýeleýär. Türkmen bagşyçylyk ýolynda ussatlyk derejesine ýeten tirmeçi bagşylar şahyryň şygyrlaryny aýdym edip aýtmak bilen şygyr bilen sazy inçelik bilen sazlaşdyrmagy başarypdyrlar. Edebi, aýdym-sazly konsertimizide mekdebimiziň 1-nji synp okuwçysy Kowusow Allamyrat “Paş eder seni” türkmen halk aýdymyny, mekdebimiziň 1-nji synp okuwçysy Alyhan Ezizow “Dag saýar” türkmen halk aýdymyny mekdebiň mugallymy Muhammetguly  Jumamyradowyň sazandarlyk etmeginde ýerine ýetirdiler. Mary etrabynyň medeniýet bölüminiň bagşylar öýüniň çeper ýolbaşçysy  Toýly Öwezow şahyryň goşgylarynda edep-terbiýäniň orny barada giňişleýin gürrüň berdi we şahyryň sözlerine “Ýat bolar” aýdymyny ussatlyk bilen ýerine ýetirdi. Halypa bagşy Toýly Öwezowyň ýerine ýetiren aýdymy mekdebiň okuwçylaryna nusgalyk mekdep boldy. Mekdebimiziň okuwçylary  Gaýgysyz Muhammetberdiýew, Tawus Hemraýewa, Aşyrgeldi Dudyýew, Iner Atamyradow Magtymguly Pyragynyň “Türkmeniň”, “Gidiji bolma”, “Gözel sen” goşgylaryny labyzly ýatdan okadylar. Edebi, aýdym-sazly konsertiň dowamynda “Magtymguly barada rowaýatlar” atly kitabyna esaslanyp mekdebiň okuwçylary Bagtyýar Söýegmyradow, Rahman Azadow, Azat Hommodow we Ysmaýyl Merdanow şahyryň çagalyk döwründe ilkinji goşgylarynyň döreýşi baradaky rowaýaty janlandyrdylar.

Rowaýaty sahnalaşdyrmak bilen çagalaryň aňynda we gözýetiminde beýik şahyryň döredijilik ýolyna başlan döwrini sahnada janlandyrmak, şahyryň keşbine girmek her bir çaganyň ýüreginde täsir galdyrdy. Akyldar şahyr gözellik temasyna aýratyn ýüzlenýär. Şahyr ynsanyň içki dünýäsiniň, etiki we esetetiki gözelliginiň şahsyýet hökmünde kemala gelmekleriniň wajyp şertidigini şygyrlarynda aýdyň beýan edýär.

Konsertde mekdebiň okuwçy gyzlary şahyryň sözlerine “Durasyň geler” aýdymyny täsirli owazlandyrdylar. 

“Magtymguly sözlär tili türkmeniň” ady bilen geçirilen edebi, aýdym-sazly konsertmiz okuwçylaryň ýerine ýetirmeginde edebi kompozisiýa we “Ýaşa  Gahryman Arkadag” aýdymy bilen jemlendi.

Edebi, aýdym-sazly konserte gelen diňleýjiler we çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň döredijiligini içgin öwrenmekde döredip beren mümkinçilikleri üçin çäksiz minnetdarlygyny bildirdiler.  

Mary welaýatynyň Mary etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň sazyň taryhy we nazaryýeti bölüminiň müdiri, ýokary derejeli mugallymy   Şeker Allabaýewa

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar