Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri

0
567
Sanly bilim ulgamynyň mümkinçilikleri
Surat: atavatan-turkmenistan.com

«Ýyllar gelýär bir-birinden zyýada» diýen ýörgünli söz bar. Bu hakykatdan-da şeýle. Biz bu durmuş hakykatyna her ýylda bolup geçýän, ýurdumyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazylýan şanly wakalarda, ýetilýän belent sepgitlerde, gazanylýan beýik ösüşlerde, aýdyň göz ýetirýäris. 

Häzirki wagtda sanly tehnologiýalaryň ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylmagy ýaşlaryň dünýä ülňülerine laýyklykda bilim almagyna, hünär taýýarlygyny, tejribelerini kämil derejede ösdürmegine giň mümkinçilikleri döredýär. Öz işine ussat hünärmenleri taýýarlamak wezipesi talyplaryň sanly ulgam babatdaky sowatlylygyny gazanmak bilen aýrylmaz baglydyr.

Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli tagallalary we başlangyçlary bilen, ýurdumyzda we halkara giňişliginde amala aşyrylýan oňyn özgertmeleriň durmuşa geçirilmegine türkmen ýaşlarynyň hem işjeň gatnaşmaklary üçin ähli mümkinçilikler we şertler döredilýär.

Türkmenistanda milli bilim ulgamyny kämilleşdirmek, giň gözýetimli innowasion tehnologiýalary dolandyrmaga ukyply ýaşlar terbiýeläp ýetişdirmek boýunça uly işler amala aşyrylýar. Ýurdumyzda bilim ulgamynda dünýäniň oňyn tejribesi işjeň öwrenilýär, daşary ýurtlaryň bilim we ylym merkezleri bilen gatnaşyklar yzygiderli giňeldilýär.

Türkmenleriň ata-babalarynyň şöhratly taryhynyň gözbaş alýan gadymy topragynda durmuş ulgamyna öňdebaryjy sanly, maglumat-kommunikasiýa we “ýaşyl” tehnologiýalar ornaşdyrylan Arkadag şäherinde “akylly” şäher kemala geldi. Bu ýerde milli şäher gurluşygynyň iň gowy däpleri binagärligiň hem-de dizaýnyň häzirki zaman meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. Innowasion tehnologiýanyň we sanly ulgamyň ösýän zamanasynda ýurdumyzda hem sanly ulgamy ösdürmekde oňyn işler alnyp barylýar. Iň täze nusgada gurlan bilim ojaklarynda sowat öwredilip, hünär okuwynda aňyny taplap, önümçilik iş usullaryny bir kemsiz özleşdirýän kämil nesiller, halk hojalygymyzyň dürli pudaklarynda üstünlikli zähmet çekýärler we döwrüň belent ösüşlerine öz mynasyp goşantlaryny goşýarlar.

Ösüşleriň, öügerişleriň ýoly bilen öňe barýan Türkmenistan Diýarymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň il-ýurt bähbitli, bütindünýä ähmiýetli beýik işleriniň, täze üstünlikleriniň we ajaýyp ertirlere rowaçlandyrýan wakalaryň şaýady bolýar.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, mertebeli başlary belent bolsun! Aýdyň maksatly, beýik tutumly işleri uly üstünliklere beslensin.

Çynar GARLYÝEWA,
                                              Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Iňlis-dili we 
                                                                  edebiýaty fakultetiniň talyby.

 

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar