Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda aýal-gyzlaryň gözelliginiň beýany

0
314

Pyragy 18-nji asyrda türkmen edebiýatynyň poeziýa äleminde goşgy ýazylşynyň goşuk formasy bilen öçmejek yz galdyrýar. Pyragydan öň türkmen edebiýatynda goşuk görnüşi bolmandyr. Şygyr äleminde gazal, ikileme ýaly formalar ulanylypdyr. Goşgy ýazlyşynyň goşuk görnüşi häli-häzire çenli türkmen edebiýatynda şygyr ýazmakda has ýörgünli forma hökmünde ulanylýar. Dana Pyragynyň şygyrlary diňe bir bilen däl şygryň manysynyň agramlylygy we köp temalylygy bilen hem tapawutlanýar. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda Watançylyk ruhy, azatlyk islegi, erkinlik binýady, agzybirlik, adalatlylyk temalary şol sanda ene-ata mukaddesligi, çaga we onuň terbiýesi, ýaramaz gylyklar, ýaramaz endikler ýazgarylýar, aýal-gyz terbiýesi we edebi has inçeden yzarlanyp, dini we dünýewi düşünjeler dür däneleri ýaly däneme-däne açylyp görkezilýär. Şol sanda türkmen gelin-gyzlarynyň waspy, edim-gylymy, görüm-göreldesi dana pyragynyň şygyrlarynyň içinden erş-argaç bolup geçýär. Magtymguly Pyragy öz şygrynda :

Dünýä sözi meňzär duzsuz tagama,
Söz içinde gelin-gyz hem bolmasa.

diýen setirlerinde zenan maşgalany duza deňeýär. Ýeri gelende bellesek duz türkmençilik däplerinde mukaddeslik derejesine göterlendir. Iýen duzuňa hormat goýmak, duz nesibäniň götermegi, ara duz goýlup ant içilmegi ýaly birnäçe türkmençilik däplerine seredeniňde Pyragyny arassa halal zenanlary duza deňemek bilen olary näderejede hormatlaýanyna düşünýärsiň. Pyragynyň şygyrlarynda häli-şindi gadymy türki sözi bolan Harem sözüne duş gelinýär. Bu sözüň 1. Mukaddes zat, mukaddes ýer, Käbe. 2. Aýallaryň ýaşaýan otagy, haremhana. 3. Aýal., zenan diýen manylary bar. Bu bolsa Pyragynyň türkmen zenanlarynyň waspyny mukaddeslik derejesine göterenligini ýene bir gezek tassyklaýar. Pyragynyň:

Nähak dökülmesin gyzyl ganymyz,
Duşmana galmasyn beýtin, nanymyz,
Ýada salyň, amanatdyr janymyz,
Taňra zerur bolsa, alynsyn indi.
diýen setirlerinde zenanasyny, çagasyny, nanyny ýene bir gezek mukaddeslik derejesine göterýär. 
Ne gözeller geçdi husny hüýr ýaly,
Göýä on dört dolan Aýdyr mysaly,

ýada,

Gözel alsaň, aryplara gulak goý,
Syratyn sözleýir ýagşy syn bilen.

Diýýän pyragy zenanlaryň gözellik meselesine içgin üns beripdir.Türkmen zenanlarynyň gözellige hemişe äleme belli bolupdyr. Şeýle gözellige beýhuş bolan Pyragy gözelligi şygyr äleminde  özüniň gaýtalanmajak ruhy dünýäsi bilen beýan edipdir. Pyragyny tomlugyndan zenan gözelliginiň suratlandyrýan birnäçe gadymy türki sözlere häli-şindi duş gelinýär. Aslynda zenan sözüniň düýp sözi zen  sözündendir. Magtymgulynyň düşündiriş sözlüginde zen — aýal, naçar diýmekligi aňladyp zenan sözi zen sözüniň köplük sany bolup aýallar diýen manyny berýär. Emma häzirki zaman türkmen dilinde birlik san görnüşinde ulanylýar. Pyragynyň şygyrlarynda zenan gözelligini wasp edýän sözleriň birnäçesiniň üstünde durup geçeliň. Çehre sözüniň ýüz, ýaňak, keşp diýen manylary bar. Gülçehre — gül ýüzli, gözel, owadan diýmekligi aňladýar. Gökjek gözel, owadan, gelşikli diýmekligi aňladýar. Ýene bir manysy gymmatbaha daş. Başgada gök, ýetişmedik,  akly goýalmadyk, göwni hoş, özünden razy diýen manylary hem bar. Egsik — 1. Naçar, aýal. 2. Kem, ýetmez diýmekligi aňladýar. Tejelli (tejella) sözüniň bolsa— 1. Gözellik we ajaýyplyk bilen görünme. 2. Nur, şöhle.  Diýen manylary bar. Beýtin  sözüniň — öýde galan hossarsyz çaga, aýal diýen manylary bar. Dana Magtymgulynyň:

Ýüzleriň haly dek hal mahy-tabanda tapylmaz,
Gül roýuňnyň jemaly zenehdanda tapylmaz.  

diýen setirlerindäki Mah sözi — 1. Aý (seýýara). 2. Aý (wagt). Mahy-taban — dolan Aý. Mah lyka — aý ýüzli, görkli. Mah ruhsar — aý ýüzli, gözel diýen manylary berse, Jemal  sözi— 1. Owadanlyk, gözellik. 2. Sopuçylykda Hakyň didary diýen manylary berse zenehdan – eňegiň aşagyndaky çukurjyk bolup, ol gözellik alamaty hasaplanypdyr. Iki setiriň özünde zenan waspyny şeýle derejede taryp etmek üçin yşky Magtymguly Pyragynyň ruhunda duýmany başarmaly.Latyf  sözi hem — 1. Gözel, gelşikli. 2. Ýakymly, ýuwaş. 3. Alla, Taňry diýen manylary berýär. 

Ragna ýarym, serwi kamat boýlaryňa perwana men,
Suhanyma handan kylyp, gaşyn kakar, ne adatdyr?

Bu bentdäki  ragna sözi — owadan, gözel, näzik, ýakymly, görmegeý diýmekligi aňladýar. 

Her kim suluw men diýr, olmaz ygtybar,
Sünbül saçy, gylça bili bolmasa.

 ýada

Güler ýüzli ýaryň hiç görki bolmaz
Syýa zülp, gara göz, gaşdan aýrylsa.

Magtymguly Pyragy bu setirlerinde zenan maşgalanyň gözellik derejesine ýetmegi üçin saçlarynyň uzyn we inçi billi bolmagyny nygtaýar. Suluw — owadan, görmegeý, görkli, gözel diýmekligi aňladýar.

Pyragynyň pähim-paýhasyndan elenen şygyrlarda zenanlaryň daşky gözelligi bilen bir hatarda içki gözelligine-de, aklyna-da, baýdak ýaly pasyrdaýan namysyna, ahlagyna hem üns berilýär. Magtymguly atamyzyň ähli şygryna türkmençilik ruhy mäkäm ornapdyr. Türkmençilikde bolsa är-aýalnyň hudaýy, aýal-öýüň hudaýy diýilýär. Magtymguly Pyragy:

Gardaşsyza kuwwat ýokdur,
Ogulsyza döwlet ýokdur,
Aýalsyza eşret ýokdur,
Hoş güni hasrata meňzär.

ýada

Derwüşlere ýolsuzlygy,
Ýigitlere malsyzlygy,
Ylahy, aýalsyzlygy,

Görkezme hiç musulmana.

ýada

Ýagşy aýal ele gelmez,
Nadan ýagşyň gadryn bilmez,
Aýalsyza mydar bolmaz,
Dönseň hökmi-Süleýmana.

diýmek bilen aýalsyz öýüň  berekediniň bolmaýanlygyny görkezýär. Zanansyz ýaşamaklygyň erkek kişi üçin näjüre zatlygyny suratlandyrýar. Türkmen agasy öz maşgalasyny şeýle hormatlany üçin ony iň bir naýbaşy şaý-sepleri, altyn kümüşleri bilen hemişe bezäp öýüniň töründe saklapdyr.Süleýman kimin şalara hem bir akylly, ygrarly zenananyň ýoldaş bolanlygyny nygtaýar. Aýal erkek kişiniň imanynyň ýarsydyr. Çünki erkek kişiniň öýlenen gününden başlap dumuşynyň deň ýary maşgalasyna baglydyr. Magtymguly atamyz zenany erkek adamynyň öýüniň eýesi, malynyň idegçisi, çagalarynyň goragy, ryskynyň berekedi, başynyň namysy hökmünde suratlandyrýar. 

Bedew gerek — äre söweşde serhoş,
Ýat bilen baryşsaň, bolar garyndaş,
Ýagşy ogul, ýagşy aýal, gyz, gardaş, —
Bu döwlet her kimiň eline degmez.

Magtymguly Pyragy bu setirlerinde ykbal eçilmegi bilen ömrüňe bir ýagşy maşgalanyň ýoldaş bolmagyny, terbiýeli ogluň, edepli gyzyň bolmagyny döwletlilik hasaplaýar. Bu bolasa her kimiň nesibesine düşýän paý däldir diýip nygtaýar. 

Türkmen agasy gelin alanda saýlap seçip alar, döküp-saçyp alar diýilýär. Türkmençilikde gelin edinjek maşgala gyzyň gelip-çykyşyna, edim-gylymna, ene göreldesine, girim-çykymna, el hünärine, abraý-mertebesine inçeden üns berýär. Gadym eýýamlaryndan bäri gelýän toý däplerine eýerip gelin edinjek gyzyna naýbaşy gymmatlyklardan halat serpaý ýapýar. Türkmençiligiň bu edähedi Magtymguly Pyragy:

Gyz alynar galyň bilen,
Adam solar zulum bilen,
Nesibedir, ölüm bilen
Dynar teşwüşden, dogrusy.

diýen setirlerinde şöhlelenipdir. Zenan görküni, gözelligini  şeýle derejede wasp eden Magtymguly Pyragynyň zenanlary hemişe hormatlandygy, olaryň gözelliginden özüniň ruhy dünýäsiniň üzňe däldigini şygyrlaryndan duýsa bolar. Pyragynyň köp temaly şygyrlarynyň her setiri müdümilik romanlardyr. Öz halkyna şeýle şygyrlary bagş eden, watanyny söýen, ulusyny hormatlan, ejizi goldan, Haka sygnan, zenany hormatlan, ylyma daýanan, bilimden goýalan, akla eýlenen, älemde saýlanan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň hemişe ruhy goldawçysydyr. Hut şonuň üçin hem türkmeniň Beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň şygyrlary diňe bir türkmen halkynda däl, türki halklaryň ählisinde we dünýä derejesinde nusgalyk derejede ýol-ýörelge hökmünde hormatlanýar.

Türkmen döwlet medeniýet institutynyň «Teatr sungaty» fekultetiniň, «Telewideniýe režissurasy» taýýarlygy ugrunyň 4 ýyl talyby Şemşat Gurbanowa

 

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar