Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Baýraklaryňyz gutly bolsun!

0
586

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Arkadagly Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda ylym-bilim ulgamy hem pajarlap ösýär. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda ösüp gelýän ýaş nesilleriň giň dünýägaraýyşly ylymly-bilimli bolup ýetişmekleri üçin ähli  aladalar edilýär.

Arzuwlaryn hasyl bolyan yurduna eziz watanymyzda geljekki nesilleriň zeihini acyp görkezmekde irginsiz aladalary edilýär.  Şu nukdaýnazardan golaýda, eziz watanymyzyň, ene topragymyzyň, gözel tebigatymyzyň waspyny çeperçilik işlerinde beýan edýan sungaty söýüji ýaş zehinli, surat çekmek bilen meşgullanýan çagalaryň arasynda, Türmenistanyň Magtymguly adynday Ýaşlar guramasynyň guramagynda, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň howandarlyk etmeginde “Biz – Arkadag Serdarly Watanyň bagtyýar nesilleri” atly surata çekmek bäsleşigi geçirildi. Bäsleşige gatnaşyp hormatly Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň şaserpaýyna mynasyp bolmak bagty hem Lebap welaýatynyň, Darganata etrabynyň, Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň nakgaşçylyk hünärinde okaýan zehinli  çagalaryn paýyna düşdi. Bilşimiz ýaly bäsleşigiň düzgünnamasyna laýyklyk-da 14-ýaşa çenli çagalaryň arasynda tapgyrma-tapgyr geçirilip olaryň çeken döredijilik işleri boýunça netijeler çykaryldy.  Bäsleşigiň birinji tapgyrynda, nakgaş hünärinde zähmet çekýän mugallymlaryň N. Täçmuradowanyň, A. Maksatbaýewanyň, A. Tagandurdyýewanyň ýolbaşçylygynda  mekdebimizdäki nakgaş hünärinde okaýan çagalaryň 15 sany işi hödürlenilip, olardan 8- sanysy ýagny,  O.Gurbanýazowa, N.Saparowa, D.Kulyýewa, A. Kurbanýazowa, L.Atjynowa, N.Geldimetowa, A.Kurbanow we R.Geldiýew welaýat tapgyryna saýlanylyp, döwlet derejesinde tapgyryna gatnaşyp Arkadagymyzyň şaserpaýyna mynasyp boldylar. Mundan başga-da ady agzalan sungat mekdebiniň zehinli okuwçylary diňe bir döwletimiziň içinde geçirilýän bäsleşikler bilen çäklenmän eýsem, daşary döwletleriň arasynda bolup geçýän bäsleşklere gatnaşyp at-abraýa, sylag-hormata eýe bolup gelýärler.

Şu pursatda ýaş nesiller üçin atalyk aladalary edýän Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza müň kerem alkyşlar aýdýarys. Goý, Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin.

Lebap welaýatynyň darganata etrabynyň Gazojak şäherindäki çagalar sungat mekdebiniň öwreniji mugallymy Güller Muhamowa

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar