Energetika howpsuzlygy pugtalandyrylýar

0
727

Döwletimiziň ýangyç-energetika toplumyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge hem-de onuň halkara energoulgama depginli goşulyşmagyna gönükdirilen energetika syýasaty hormatly Prezidentimiziň yzygiderli tagallalary bilen barha rowaçlanýar. Ýurdumyzyň bu ulgamda amala aşyrýan iri möçberli maýa goýum taslamalary diňe bir möhüm ykdysady ähmiýete eýe bolman, eýsem, sebit we ählumumy energetika howpsuzlygyny pugtalandyrmakda hem örän uly orny eýeleýändir. Gahryman Arkadagymyzyň: «Gaz geçirijileriň köp ugurly ulgamyny döretmek, şeýle hem kontinentleriň we Aziýanyň üsti bilen gaz geçirijileriň diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürilmegi uglewodorod serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin täze mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, goňşy döwletleriň energetika howpsuzlygyny we ykdysady taýdan durnukly bolmagyny berkitmek, bütin Merkezi Aziýanyň we Aziýa sebitiniň Durnukly ösüşiniň maksatlaryna ýetmek üçin ýurdumyzyň eksport kuwwatyny düýpli artdyrmak zerur bolup durýar» diýen sözleri häzirki wagtda pudagyň öňünde goýlan wezipeleriň başyny çekýär. Çünki energetika ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk döwletimiziň ykdysady strategiýasynyň ileri tutulýan ugry. 

Energiýa islendik ýurduň ykdysadyýetiniň esasy serişdeleriniň biri bolmak bilen, ähli pudaklaryň işine we ösüşine uly täsir edýär. Şoňa görä-de, nygtap aýtsak, energetikany kadaly ösdürmek we energiýa çeşmelerini rejeli ulanmak ýurt üçin hem, halkara derejede sebitleýin we halkara hyzmatdaşlykda hem möhüm ugurdyr.  

Dünýäniň energetika gorlary bütin adamzadyň baýlygydyr. Häzirki döwürde bu serişdeler diňe bir ýangyç bolmak bilen çäklenmän, eýsem, hojalyk gatnaşyklaryny ynamly ösdürmäge hem mümkinçilik berýär. Durnukly ösüşiň, adamlaryň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň, olaryň medeni ösüşe goşulmagynyň kepili bolup durýar. Şu nukdaýnazardan döwletimiz energetika hyzmatdaşlygynyň geljegini nazarlaýan başlangyçlary yzygiderli öňe sürýär, netijede döwletli başlangyçlar giňden goldaw hem tapýar.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Bäşimowa Ogulbagt

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar