Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Magtymguly Pyragynyň akyl yetiriş ýörelgesi

0
1424

"Akyldar Magtymgula diňe bir şahyr hökmünde garalsa, bärden gaýdyldygy bolar. Ol diňe bir türkmen halkynyň däl, eýsem, dünýäniň pelsepewi pikirlerini ösdüren, çeperçilik aňyny nurlandyran, dünýewi durmuşy çeper şöhlelendiren akyldar şahyrdyr» diýip, Gahryman Arakadagymyz belleýär. Şahyryň döredijiligi ylmyň we filosofiýanyň taryhynda öçmejek yz galdyrdy.

Magtymguly Pyragy eserlerinde adamyň töweregini gurşap alan hemme tebigy hadysalar, jemgyýetçilik wakalary ebedilik halynda durman özgerýändigini, şonuň ýaly-da, adamzat jemgyýetiniň özgermegi bilen, adamlaryň aň-düşünjesiniň, dünýägaraýyşlarynyň, gylyk-häsiýetleriniň , ahlaky gymmatlyklarynyň hem özgerýändigini nygtaýar.

Akyldar jemgyýetiň kämilligi adamlaryň akyl- paýhasly hereketi, düşnükliligi, ar-namysly, ahlakly bolmagy esasynda bolup bilýär diýen netijä gelipdir. Magtymguly Pyragy adamlary kanagatlylyga, pespällige, sahylyga, medeniýetlilige çagyrýar. Il-ýurt üçin jogapkärdigini duýup, özüniň Watan bilen baglanyşygyny pugtalandyrýar we beýik özgertmeleriň gerekdigine düşünýär. Ol durmuş hakykatyna hemmetaraplaýyn akyl ýetirip, geljege umyt baglapdyr, bagtyýar durmuşyň boljakdygyna ynanypdyr.

Magtymguly Pyragy ösüş we özgeriş baradaky pikirlerini dialektiki çemeleşmäniň üsti bilen beýan edýär. Şahyr gapma-garşylykly gylyk-häsiýetleriň — ahlaky-ahlaksyz, adalatly-adalatsyz, haýyr-şer, mertlik-namartlyk, husytlyk-jomartlyk, akmak-akylly ýaly jübüt pikirler, deňeşdirmeler arkaly gerekli gymmatlyklary wagyz-nesihat edipdir. Magtymguly Pyragynyň bütin ömri hem-de ruhy ýollary, akyl ýetiriş usullary döwür bilen kybapdaşdyr. Jemgyýeti özgertmekde ýaraga, güýje däl-de, akyl-paýhasa, ruhy gymmatlyklara daýanmalydygy nygtalyp görkezilýär. Adamyň medeniýeti we ynsanperwerligi onuň akyl ýetirişine, düşnükliligine gönüden-göni baglanyşyklydyr. Adamzat hemişe täze akyl ýetiriş ýörelgelerini bilmäge ymtylypdyr. Akyl ýetiriş taglymaty tebigatyň özüne, jemgyýetçilik gatnaşyklaryna, adamyň akyl ýetirmegi ylym, sungat, ýaşaýyş tejribesi arkaly amala aşyrylýar. Sungat durmuşyň çeper şöhlelendirilmesidir. Şahyr tebigata, durmuş gatnaşyklaryna, öz-özüne akyl ýetirmekde erkin pikirlenip, adam meselesinde adamyň köptaraplaryna akyl ýetirmegiň hötdesinden gelipdir. Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemini öwrenmäge aýratyn üns berilýär. Şahyryň döredijiliginiň soňky taryhy ösüşlerde, ahlaky gymmatlyklaryň kemala gelmeginde tutýan orny, onuň umumadamzat medeni gymmatlyklara edýän täsiri we akyl ýetiriş ýörelgeleri hertaraplaýyn öwrenilmäge mynasypdyr.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýa dilleri institutynyň talyby Nurmuhammedowa Jennet

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar