Top.Mail.Ru

Arhiw

Polipropilen haltalar: görnüşleri, öndüriliş usullary we ulanylyşy

0
37262

Uzak aralyklara eltilmeli bolan ýükleri saklamak we daşamak üçin dürli hili gaplar ulanylýar: konteýnerler, agaç we plastik gutular, sisternler, poddonlar, şeýle hem dürli materiallardan ýasalan haltalar. Şeýle haltalary öndürmek üçin iň giňden ýaýran materiallaryň biri hem polipropilen hasaplanýar.

Polipropilen sapaklardan dokalan dokma görnüşli haltalar ownuk önümleri gaplamakda giňden peýdalanylýar. BU hili haltalarda un, şeker, galla, makaron, gök önümler we miweler, sement, dökünler, gury iýmit we hatda ätiýaçlyk şaýlary hem saklanylýar we daşalýar.

Polipropilen haltalaryň belli bir kesgitli ulanylyş möhleti ýok diýen ýalydyr, olara çyglylyk, gemrijiler we mör-möjekler hem zyýan ýetirip bilmeýär, şeýle hem bu gaplar ýeňil we çydamly bolup, şol bir wagtyň özünde olaryň özüne düşýän bahasy arzandyr hem-de dürli ugurlarda hemişe isleg bildirilýän önümlerdir.

Ulanylyş maksadyna baglylykda, polipropilen haltalaryň üç hili görnüşi bardyr. Olaryň iň ýokary hilli we çydamlysy — ak haltalar. Olaryň önümçiligi üçin diňe başlangyç (gaýtadan işlenmedik) polipropilen ulanylýar. Şeýle ýasalan haltalar azyk önümleri saklamak üçin ulanylýar. Çig malyň has güýçli we ak bolmagy üçin başlangyç tapgyrda polipropilen granulalaryna kalsiý karbonat goşulýar.

Çal reňkli ýa-da reňkli haltalar gaýtadan işlenen ikinji derejeli çig maldan ýasalýar. Olar hil taýdan pes bolup, o diýen çydamly däldir. Çal reňkli haltalar — birinji we ikinji derejeli çig malyň garyndysyndan, reňkli haltalar bolsa diňe ikinji derejeli çig maldan ýasalýar. Şeýle haltalarda iýmit däl önümler saklanylyp, olar gurluşyk garyndylary, mineral dökünler, howply däl himiki maddalar, daşalýan enjamlar we maşyn gurallary üçin gap hökmünde ulanylýar.

Ak haltalar hem laminirlenen we polietilen örtükli görnüşlere bölünýär. Bularyň birinjisi içindäki maddalary daşyna dökülmeginden goraýar, ikinjisi gapdaky zatlary çyglylykdan we kirden goraýar.

Haltalar ýörite tegelek-mata enjamynda dokalýar. Alnan önüm uzyn gyrasyz «ýeň» ýaly görnüşde bolup, soňra termo-pyçak bilen böleklere bölünýär. Tikin ussahanasynda alnan böleklerden dürli ululykdaky haltalar tikilýär. Taýýar haltalara kompaniýanyň logotipleri ýa-da içindäki ýükler baradaky maglumatlar çap edip edilýär.

Mundan başga-da, polipropilen süýümden big-begler — ownuk zatlary gaplamak üçin niýetlenen ýumşak gaplar ýasalýar. Olaryň adaty polipropilen haltalardan tapawudy — ýerleşdiriliş möçberi (20 kg-dan 3 tonna çenli), şeýle hem ýörite «tutawaçlarynyň» bolmagydyr.

«Rowachlan Galkynysh» HK — polipropilen haltalary öndürmekde Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biri. Zawod «Rowachpack» haryt nyşany bilen diňe esasy çig maldan azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenen ak haltalary öndürýär.

«Rowachpack» haltalaryny öndürmek üçin diňe Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilýän çig maldan peýdalanylýar.

«Rowachpack» önümleri eksport edilmek bilen, bu ugurda daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe boldy. Özünde 20 kg-dan 1 tonna çenli ýükleri ýerleşdirip bilýän haltalar we big-begler Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna eksport edilýär.

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasynyň habarlaşmak üçin salgylary: (+993 62) 60 68 80, (+993 64) 97 14 78 we (+993 12) 29 39 33. Elektron poçta salgysy: rowaclangalkynysh@gmail.com.

Peýdalanylan çeşmeler: moybiznes.org; megapak27.ru; www.polimer76.ru

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar