Senagat ýa-da azyk önümlerini öndürijileriň her biri diýen ýaly iru-giç daşary ýurtlaryň bazarlaryna çykyp, önümlerini dünýä ýüzüniň sarp edijilerine hödürlemegi meýilleşdirýändir. Bu ugurda olaryň köpüsi önümiň hilini, üstünlikli mahabatyny we satuw strategiýasyny, şeýle-de potensial daşary ýurtly alyjylar bilen aragatnaşyklaryň bolmagy ýaly birnäçe möhüm şertleriň netijeli amala aşyrylmagy sebäpli üstünlik gazanýarlar.
Eksport üçin niýetlenen önümleri öndürip başlamazdan ozal, bazaryň ýagdaýyny seljermek zerur. Bu tapgyrda B2B formatda — business to business (işewürlik üçin işewürlik), ýagny önümleriňizi daşary ýurtlardaky satyjylar bilen aragatnaşyk gurmak esasynda ýerlemek möhümdir. Hyzmatdaşlar bilen gepleşikler oflaýn we onlaýn ýagdaýda geçirilip bilner. Bu daşary ýurtlara önümleri daşamak işiniň geljegine dessine baha berer.
Mundan başga-da, potensial eksportçy önümlerine daşary ýurtlarda islegiň bardygyna göz ýetirmelidir, munuň üçin bolsa satuw bazarlaryny üns bilen öwrenmeli we girdejiniň geljekki ädimlerine baha bermegi başarmaly.
Harytlara bolan isleg bar diýen ýörelgä ynanyp ýörmegiň bir özi ýeterlik däl. Ýokary bäsdeşlik gurşawynda onuň hil derejesi has möhümdir. Potensial hyzmatdaşyň önümiň beýleki öndürijiler bilen bäsleşmäge mynasypdygyna ynandyrmak üçin önümiň häsiýetlerini, hilini we baha artykmaçlyklaryny görkezmekde mümkin boldugyça prezentasiýalary ulanmak dogry bolar.
«Rowachpack» haryt nyşany astynda dokalan polipropilen haltalary, polipropilen «ýeňleri» we big-begleri öndürýän «Rowachlan Galkynysh» HK önümlerini diňe eksporta iberýär. Bu ugurdaky netijeler bäsdeşlikli hyzmatdaşlygy ýola goýmak, kompaniýanyň marketologlarynyň oýlanyşykly işi, önümleriň ýokary hilli bolmagy, şeýle hem olary daşary ýurtly alyjylar bilen netijeli gepleşikler esasynda satmak bilen gazanyldy.
«Rowachpack» polipropilen haltalary diňe iýmit we tehniki önümler üçin niýetlenendir. Olar ýokary hilli çig maldan ýasalýar. Polipropilen haltalar örän çydamly we ekologiýa taýdan arassa, özünde iýmit önümlerini uzak wagtlap saklamaga mümkinçilik berýär, şol bir wagtyň özünde hem olary daşarky täsirlerden — çyglylykdan ýa-da hapalardan goraýar. Daşary ýurtly alyjylar üçin iň özüne çekiji aýratynlyk bu babatda kompaniýanyň önümleriniň bahasynyň we hiliniň gatnaşygy bolup durýar.
«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň potensial daşary ýurtly alyjylar bilen gatnaşyklary B2B görnüşinde amala aşyryldy. Bu model, adatça, önümi öndüriji we üpjün ediji ýa-da başga önümleri öndürijiler tarapyndan ulanylýar. Bu ýagdaýda «Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň müşderileri azyk önümlerini, gurluşyk materiallaryny, magdanlary we beýleki önümleri öndürijiler boldy.
«Rowachpack» haryt nyşanly haltalar, «ýeňler» hem-de big-begler Türkmenistandan Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna iberilýär. Kärhananyň wekilleri B2B formatda işewürlik ýygnaklarynyň artykmaçlyklaryny ulanmagy dowam etdirip, önümleriniň geografiýasyny giňeltmegi we polipropilen haltalaryň Ýewropa we Günorta Amerika eksport edilmegini meýilleşdirýärler.
«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin salgylary:
- telefon belgileri: (+993 62) 29 29 69, (+993 12) 29 29 69;
- elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com;
- sosial media ulgamyndaky sahypasy.
Şeýle-de okaň: