Soňky habarlar

Arhiw

«Rowachlan Galkynysh-yň» wekili polipropileniň gap hökmündäki tapawudy barada gürrüň berdi

10:5801.09.2023
0
29479

Atlary belli bir derejede meňzeş bolsa-da, polipropilen we polietilen düýbünden başga ulanyş aýratynlyklaryna eýedir. «Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasynyň hünärmeniniň bellemegine görä, polipropileniň, önümçiligi we işewürligi ösdürmek babatda örän uly geljegi bar. Aşakda bu mesele bilen baglylykda, hünärmeniň nukdaýnazary beýan edilýär.

Polietilen (köplenç ýalňyşlyk bilen sellofan diýilýär) — dürli önümleri saklamak üçin sumka ýasamak üçin iň köp ýaýran materialdyr. Ol howanyň we çyglylygyň geçmegine ýol bermeýär, ýöne ýagtylygy geçirip bilýär. Polietilen elastik bolup, 125 gradus selsiýada ereýär. Ýokary dykyzlykdaky polietilene ýiti zatlar täsir etmeýär. Şeýle-de polietilen gaýtadan ulanylyp bilner.

Polipropilen has berk we eremekde polietilenden has ýokary gyzgynlygy talap edýär. Şeýle hem ol howa we çyglylyk geçirmek bilen, şol bir wagtyň özünde aňyrsy görünýän häsiýete eýedir. Polipropilen süýümleri süýnmeýär, şonuň üçinem ondan ýasalan haltalary ýyrtmak mümkin däl diýen ýalydyr, olar ýiti uçly zatlaryň deşmegine çydamly bolýar. Polipropileni gaýtadan işlemek has kyn bolsa-da, ýöne olary polietilenden has uzak ulanyp bolýar.

Polipropileniň beýleki aýratyn belläp boljak peýdaly häsiýetleri:

  • ultramelewşe şöhlä durnuklylygy;
  • yslary siňdirmeýär;
  • polietilenden has ýeňil we az ýer tutýar;
  • köp ulanmak mümkinçiligi.

Şeýlelik bilen, polipropilen haltalaryň polietilenlerden artykmaçlygy olaryň berkligi, daşky gurşaw ekologik arassalygy, howa geçirmek ukybydyr, şeýle-de olar azyk däl önümleri saklamak üçin amatly we gaýtadan ulanylyp bilner.

Polipropilen haltalaryň bu häsiýetleriniň hemmesi onuň önümçilik mümkinçiligini tygşytly edýär. Polipropilen haltalar diňe bir azyk senagatynda däl, eýsem beýleki ugurlarda hem ulanylýar.

«Rowachlan Galkynysh» HK önümlerini — polipropilen haltalary, «ýeňleri» we «Rowachpack» haryt nyşanly big-begleri daşary ýurtlara üstünlikli eksport edýär. Kärhananyň önümleri Russiýada we GDA-nyň beýleki ýurtlarynda giňden meşhurdyr.

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasynyň önümleri bilen tanyşmak üçin şu telefon belgileri arkaly habarlaşmak maslahat berilýär: (+993 62) 29 29 69 (ykjam) ýa-da (+993 12) 29 29 69 (şäherara). Elektron poçta salgysy: rowachpack@gmail.com.

Şeýle-de okaň:

Wideo: Rowachpak polipropilen haltalary nähili öndürilýär?

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň