Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

Türkmen kärhanasy azyk önümlerini saklamak üçin «Rowachpack» polipropilen torbalary öndürýär

10:4317.08.2023
0
33606

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy – «Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen gaplaýyş önümlerini öndüriji türkmen kärhanasydyr we iri üpjün edijisidir. Häzirki wagtda kompaniýa önümlerini eksportyny artdyrmak hem-de polipropilen ýeňleri, tehniki we azyk torbalaryny, şeýle hem «big-begleri» (uly haltalary) öndürmek üçin iň soňky tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan täze zawodlary gurmak arkaly barha giňeýär.

«Biziň hususy önümçiligimiz bar, şonuň üçin biz öndürijiden taýýar önümleriň dürli görnüşlerini amatly bahalarda hödürläp bilýäris. Önümçiligiň kuwwaty aýda 600 tonna çenli bolup, munuň özi islendik göwrümdäki harytlaryň öz wagtynda ýerlenilmegini kepillendirýär» diýip, diýip, «Rowachlan Galkynysh» kärhanasynyň wekili artykmaçlyklary sanap geçdi.

Tehniki ýeňleriň/haltalaryň we «big-begleriň» (uly haltalaryň) önümçiliginden başga-da, «Rowachpack» iri azyk senagaty kärhanalary üçin eksport ugurly dürli ululykdaky we häsiýetli ak reňkli azyklyk torbalary taýýarlaýar.

«Rowachpack» azyk haltalary un, şeker, galla we beýleki azyk harytlary ýaly önümleri saklamak hem-de daşamak üçin niýetlenendir, olar kärhana tarapyndan diňe başlangyç çig maldan – TNGIZT-de öndürilen polipropilenden taýýarlanylýar. Şeýle torbalar örän berkligi we goraýjy häsiýeti bilen tapawutlanýarlar. Şeýle hem olary ak reňki, ýagny bu görnüşli gabyň azyk önümlerini saklamak üçin niýetlenendigini görkezýän aýratynlygy esasynda tapawutlandyrmak aňsatdyr.

Kompaniýa öz önümlerini diňe eksport üçin öndürýär. Häzirki wagtda önümler Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna iberilýär.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň