«Rowachlan Galkynysh» «Rowachpack» haryt nyşanly big-beg gaplaryny öndürýär

10:5604.08.2023
0
45532

«Rowachlan Galkynysh» hususy kärhanasy «Rowachpack» haryt nyşany bilen eksporta niýetlenen big-begleri — polipropilenden ýasalan uly göwrümli gaplama ýük haltalaryny öndürýär.

Big-begler 300-den 3000 kilograma çenli agramly ýükleri sygdyryp bolýan, süýşürmek üçin ýörite ildirgiji bolan ýumşak konteýnerdir. Bu hili konteýner haltalar ürgün materiallary — azyk önümleri, gurluşyk materiallary, oba hojalyk we dokma önümlerini, ätiýaçlyk şaýlary gaplamak we daşamak üçin ulanylýar. Gaplama materialynyň bu görnüşi çydamlylygy, ýeňilligi, elastikligi we ulanmak üçin amatlylygy bilen tapawutlanýar.

«Rowachpack» gaplama haltalarynyň ýerleşdiriş mümkinçiligi 1 müň kilograma ýetýär. Kärhana önümlerini Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna eksport edýär.

«Rowachlan Galkynysh» HK-nyň önümleri bilen has giňişleýin tanyşmak üçin (+993 62) 29 29 69 hem-de (+993 12) 29 29 69 telefon belgilere jaň etmek ýa-da rowachpack@gmail.com .

Şeýle-de okaň:

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň