«Rowachlan Galkynysh» kärhanasy ürgün önümleri saklamak üçin «Rowachpack» haryt nyşany bilen polipropilen haltalary öndürýär

10:1529.07.2023
0
41509

«Rowachlan Galkynysh» HK azyk we azyk däl ürgün önümleri saklamak üçin polipropilenden dokalan haltalary we rulon torbalary öndürmekde Türkmenistanda öňdebaryjy kärhanalaryň biridir.

2010-njy ýylda döredilen «Rowachlan Galkynysh» kärhanasy «Rowachpack» haryt nyşany bilen diňe eksport üçin niýetlenen polipropilen haltalaryň önümçiligine başlady.

Kompaniýanyň önümleri ýokary tehnologiýaly enjamlar ulanylyp, diňe başlangyç (gaýtadan işlenmedik) çig maldan öndürilýär. «Rowachpack» haryt nyşanly haltalaryň sygymy 20 kg-dan 1 tonna çenlidir (uly göwrümli haltalar). Kompaniýanyň önümleriniň hili ISO9001 şahadatnamasy bilen tassyklanandyr, şeýle hem döwlet edaralary tarapyndan dürli baýraklara mynasyp bolandyr.

Häzirki wagtda kärhanada 200 işgär zähmet çekýär we zawodyň kuwwaty ýylda 500 tonna önüm öndürmäge ukyplydyr. «Rowachpack» haryt nyşanly haltalar we rulonlar Russiýa we GDA-nyň beýleki ýurtlaryna eksport edilýär, geljekde kompaniýanyň önümlerini Ýewropa we Günorta Amerika ýurtlaryna ýerlemek meýilleşdirilýär.

«Rowachlan Galkynysh» HK habarlaşmak üçin şu telefon belgilere jaň edip bilersiňiz: (+993 62) 29 29 69 we (+993 12) 29 29 69, ýa-da e-mail salgysyna ýüz tutup bilersiňiz: rowachpack@gmail.com.

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň