Top.Mail.Ru

Soňky habarlar

Arhiw

B2B, B2C, B2G, C2C — satuwlaryň esasy görnüşleri

0
44421

Harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň satuwynda geleşigiň predmetiniň niýetlenen ahyrky sarp edijisini nazarda tutmak zerurdyr. Bu ahyrky sarp ediji adaty raýat, şeýle-de hususy kärhana, hatda döwlet edarasy hem bolup biler. Almak-satmak işiniň her aýry-aýry ýagdaýlarynda pul möçberleri, alyjylaryň sany (müşderiler), reklamanyň usullary, şeýle-de söwda etmegiň çözgüdini saýlap almak tapawutlanýandyr. Aşakda beýan edilenler telekeçilik etmegiň, satuwyň esasy shemalarydyr.

B2B — business to business (Biznes üçin biznes). Bu model beýleki kompaniýalar üçin önüm öndürmäge ýa-da hyzmatlary ýerine ýetirmäge ýöriteleşen kompaniýalardyr kärhanalar tarapyndan peýdalanylýar. Mysal üçin, haýsydyr bir kärhana ulagyň detallaryny öndürýär, ol önümler bolsa başga bir awtoulag kärhanasynda peýdalanylýar. Ýa bolmasa-da, kompaniýa autsorsingiň esasynda beýleki kärhana üçin hyzmaty ýerine ýetirip berýär.

Surat: ru.freepik.com

Adatça, B2B modelinde önümi ýa-da hyzmaty alyjyda söwdasy babatda emosional täsir bolmaýar — ol satyn almak meselesinde önüm ýa-da hyzmat baradaky ähli maglumatlary üns bilen gözden geçireninden soň söwda edýär. Satyjy hem bu ýagdaýda öz hyzmatdaşynyň isleglerine oňat düşünýär we şoňa esaslanyp haryt hödürleýär.

B2B modeliniň iň meşhur görnüşleri:

  • Azyk, derman senagaty, dokma senagaty, awtomobil gurluşygy, goranyş desgalary üçin çig mal önümçiligi;
  • Uglewodorodlary we beýleki minerallary gazyp almak hem-de gaýtadan işlemek;
  • Agaç önümlerini gaýtadan işlemek;
  • Reklama we marketing;
  • Autsorsing esasynda buhgalterçilik hem-de IT hyzmatlary;
  • Kompaniýalar we kärhanalar üçin konsalting hyzmatlary.

B2C — business to consumer (ahyrky sarp ediji üçin biznes). Bu hili modeliň maksady önümi ýa-da hyzmaty haýsydyr bir kärhana üçin däl-de, eýsem adaty sarp ediji üçin öndürmek bolup durýar. Bu sarp edijiler bolup fiziki ýa-da ýuridiki şahslar çykyş edip biler, olar hut şu model esasynda önümi dowamly önümçilikde peýdalanman, diňe öz maksatlary üçin peýdalanýarlar.

B2C tejribesini durmuşa geçirýän kärhanalar hökmünde dürli hili harytlary satýan dükanlary we supermarketleri, ýuridik kompaniýalary, ilata hyzmat edýän dellekhanalary, ussahanalary, tikinçilik hyzmatlaryny we beýlekileri mysal getirmek bolar. Bu modeliň satuw gatnaşyklarynda müşderileriň sany köp bolsa-da, girdejisiniň göterimi azdyr.

B2C shemasynda köplenç halatda söwda emosional täsir esasynda bolýar: «göwnüme ýarady — satyn aldym». Munda has oýlanyşykly, ölçerip edilýän söwda az bolýar. Beýle söwda diňe awtoulag, sowadyjy, ýaşaýyş jaýy ýa-da beýleki gymmatbaha tehnikalary mysal hökmünde belläp bolar.

B2G modeli hem business to government diýlip kesgitlenilip, söwdanyň özboluşly shemasyny aňladýar. Bu gatnaşykda ahyrky sarp ediji bolup döwlet düzümleri we edaralary çykyş edýär. Bu iň çylşyrymly we şol bir wagtyň özünde girdejili iş görnüşidir, sebäbi döwlet ýurtda iň uly müşderi bolup durýar. B2G modelinde geleşikler söwdalaryň ýa-da tenderleriň üsti bilen geçirilýär.

B2G shemasyna esaslanýan söwda işleriniň has ýörgünli görnüşlerine mysallar:

  • döwlet guramalaryna we kärhanalaryna islendik harytlary ýa-da hyzmatlary satmak;
  • döwlete degişli ýerleriň kärendesi;
  • ýol gurluşygynda, jemgyýetçilik maksatly desgalaryň gurluşygynda hyzmatdaşlyk etmek;

Surat: ru.freepik.com

B2G geleşiklerinde iki tarapyň hem emosional kabul etmesi düýbünden aradan aýrylýar. Munda hyzmatdaşlyk örän durnukly bolup, müşderi üpjün edijini seýrek çalyşýar, emma ony örän gözden geçirmek bilen saýlaýar.

С2С — consumer to consumer (sarp ediji — sarp edijä). Bu ýerde sarp ediji bolubam, satyjy bolubam adaty fiziki şahslar çykyş edýär. Satuwyň bu görnüşinde adaty adamlar internet sahypalarynda ýa-da beýleki ýerlerde önümlerini ýa-da hyzmatlaryny bildiriş edip, harydy baradaky maglumaty goýmak bilen, ony özleri ýaly adaty adamlara satýarlar. Kähalatda С2С modeli görnüşinde B2C shemaly söwda ýöredilýär.

Satuwyň С2С  görnüşiniň potensial müşderileriniň sany çäksizdir, ýöne onuň girdeji derejesi we geleşikleri B2C modelinden tapawutlydyr. C2C satyn almalary öz-özünden ýüze çykmaýar, sebäbi elektron «bildiriş tagtalarynda» alyjy adatça zerur harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň satylýandygyny gözleýär.

Peýdalanylan çeşmeler: vc.ru; bankstoday.net; myrouble.ru; ru.freepik.com

Teswirler
Teswir ýazmak üçin içeri giriň ýa-da registrasiýa boluň
Meňzeş makalalar